Ýewropa Bileleşigi howany goramak üçin 1 trln ýewro bölüp berer

  • 10.11.2019 12:38
  • 2k+

Ýewropa Bileleşigi howany goramak üçin 1 trln ýewro möçberinde serişde bölüp berer. Bu hili beýanat bilen Ýewrokomissiýanyň täze ýolbaşçysy, Germaniýanyň öňki goranmak ministri Ursula fon der Lýaýen Berlinde eden çykyşynda belledi. Bu barada Trend agentligi Belta salgylanyp habar berýär.
Ursula fon der Lýaýeniň aýtmagyna görä, bu serişde geljek 10 ýylyň içinde bölünip berler. Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli klimat taýdan bitarap boldy. Bu diýildigi Bileleşigiň çäklerinde ykdysady işjeňligiň netijesinde bug gazlarynyň zyňylmagynyň derejesiniň nula deň boljakdygyny aňladýar.
Ýewrokomissiýa 2018-nji ýylyň noýabrynda zyýanly zyňyndylaryň derejesini azaltmak boýunça uzak möhletleýin strategik konsepsiýasynyň hödürledi. Ursula fon der Lýaýen Ýewrokomissiýanyň başlygy wezipesine 2019-njy ýylyň iýulynda bellenildi. Ol 1-nji dekabrda öz wezipe borçlaryna girişer we bu edara ýolbaşçylyk etjek birinji zenan bolar.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......