Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy

  • 09.11.2019 17:05
  • 2.2k+

Şu ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy belli edildi. Çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa hasabat berdi.
Baýramçylyk mynasybetli esasy çäreler «Aşgabat» atçylyk sport toplumynda geçiriler. Bu ýerde paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň döredijilik toparlary, teatrlaryň artistleri çykyş ederler.
Baýramçylyk mynasybetli sergi guralar. Onda ýurdumyzyň tohumçylyk we bakjaçylyk ulgamynda ýeten derejesi, dokma hem-de sowgatlyk önümleri, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleri, ýaş suratkeşleriň döreden eserleri görkeziler.
Baýramçylygyň maksatnamasyna çagalar sport toparlarynyň görkezme çykyşlary, milli oýunlar, maldarçylyk we ekerançylyk däpleri bilen tanyşlyk, dürli milli tagamlary taýýarlamak ýaly çäreler girizildi. Şeýle hem dabaraly maslahatlar, mowzuklaýyn döredijilik duşuşyklary, sergiler, beýleki çäreler guralar, sahna eserleri görkeziler.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......