Xiaomi Mi Watch «akylly sagatlary» suwdan “gorkmaýarlar”

  • 09.11.2019 07:17
  • 2.9k+

Bu sagatlar bilen suwa girmek hem bolýar. Xiaomi Mi Watch sagatlary eýýäm hödürlenilen, biz olaryň parametrleri bilen hem tanyş. Ýöne hytaý gigantynyň esasy menejerleriniň biri anons wagtynda kadrdan aňyrda galan käbir maglumatlar bilen paýlaşmak isledi.
Meselem, bu sagatlar suwdan goraglylyga eýe. Xiaomi-niň wekili bu sagat bilen basseýne girip bolýandygyny habar berdi, ýöne bu maglumat resmi saýtda agzalyp geçilmedik. Saýtda sagadyň ýüzüş derejäni yzarlamaga ukyplydygy barada agzalyp geçilýär.
Şeýle-de, Xiaomi GPS-iň we beýleki simsiz adaptarlaryň işlemegi bilen bagly mesele bolmazlygy üçin, diňe sagadyň original gaýyşlaryny ulanmagy maslahat berýär.
iOS-ly smartfonlar bilen işlemek meselesi, ýagny iPhone ulanyjylaryň sagady işe girizmek üçin ilki Android-li smartfonlary ulanmalydygy, soňra olary iPhone bilen birikdirmelidigi barada resmi saýtda görkezilen. Kompaniýanyň wekili şeýle režimde köp funksiýalaryň elýeterli bolmajakdygyny nygtady. Esasanam, NFC we saglyk bilen bagly käbir funksiýalar.
Suw geçirmeýän sagatlar barada gürrüň edilende, bir täzeligi belläp geçmek gerek. UMIDIGI hytaý kompaniýasy özüniň Uwatch GT “akylly” sagatlarynyň 5 ATM gorag derejeli suw geçirmeýän korpusynyň barlygy bilen, puls ölçeýji gurluşy, 1,3 dýuýmly tegelek displeýi bilen, Bluetooth v5.0 simsiz tehnologiýasyna eýe bolmagy bilen we 15 güne çenli işlemek wagty bilen tapawutlanýan täze modelini resmi taýdan hödürledi.
Mundan başga-da, bu sagatlar dolandyrmanyň iki sany aýry fiziki düwmelerine, türgenleşigiň 12 sany režimine, uky monitoryna we smartfon programmalaryndan habar almak mümkinçiligine eýe.
UMIDIGI Uwatch GT sagatlarynyň bahasy $80 barabar. Bu pula ulanyjy şeýle tehniki parametrli gajeti eline alýar
- Ölçegleri: 47x20,5x14,9 mm
- MCU: Nodic nRF52840 (Bluetooth 5.0)
- IMU: (akselerometr we giroskop): STK8321
- Ýürek ýygrylmalarynyň datçigi: HX3600
- Displeý: 1,3 dýuýmly, tegelek, TFT, 240x240 piksel ygtyýarly
- Akkumulýator: sagatda 260 Amper
- 50 ATM çenli suw geçirmezlik

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......