108 megapikselli bäş kameraly Xiaomi Mi Note 10 we Mi Note 10 Pro smartfonlary hödürlenildi

  • 08.11.2019 06:03
  • 7.3k+

Xiaomi kompaniýasy halkara bazary üçin Xiaomi CC9 Pro smartfonunyň wersiýasyny hödürledi.
Xiaomi CC9 Pro ony 5-nji noýabrda Hytaýda tanyşdyrylyş dabarasynda ilkinji gezek görkezdi. 6-njy noýabrda bolsa onuň Xiaomi Mi Note 10 halkara meňzeş görnüşiniň anonsy guraldy.
Şeýle-de kompaniýa has kämil Mi Note 10 Pro modeli hem hödürledi.
Umuman aýdanyňda, Mi Note 10 (CC9 Pro-nyň meňzeş görnüşi) we Mi Note 10 Pro (CC9 Pro Premium Edition-yň meňzeş görnüşi) smartfonlaryň aýratynlygy gaty bir esasly däl – ýedi plastik linzaly (7P) we sekiz plastik linzaly (8P) obýektiwli.
Kamera 108 megapiksela niýetlenilen obýektiwli, F/1,69 diafragmaly S5KHMX datçigi, portret surata alyş üçin 12 Mp moduly, 2 Mp makromoduly we 20Mp ultragiňburçly moduly, şeýle-de 10 esse gibrid optiki zumly 5 Mp telefotomoduly özünde jemleýär.
Smartfon diagonaly 6,47 dýuýmly we Full HD+ ygtyýarly, ýan gapdallary egri aýlawly OLED giperbolik ekranyna eýe boldy. Barmaklaryň yzynyň optiki skaneri displeýiň aşagynda gurnalan.
Smartfonuň akkumulýator batareýi sagatda 5260 Amper göwrümli we ol kuwwatlylygy 30Wt bolan çalt zarýad tehnologiýasyna eýe.
Esasynda bir kristally Snapdragon 730G ulgamy ýatyr. Şeýle-de NFC, standart 3,5 mm audiobölüjsiniň, IK-modulynyň goldawyny hem belläp geçmek bolar. Smartfona Android 9 Pie sistemasynyň esasynda täze MIUI 11 firma daşy oturdylan.
Xiaomi Mi Note 10 smartfony 15-nji noýabrda 6GB operatiw ýatly we 128 GB fleş-ýatly wersiýasyna 549 ýewro bahasy bilen Ispaniýanyň satuwynda ýüze çykar. Mi Note 10 Pro 8 GB operatiw ýatly we 256 GB fleş-ýatly wersiýasyna 649 ýewro baha bilen hödürleniler.
Entek smartfonlaryň satylyp başlanylmandygyna garamazdan, internetden Xiaomi Mi Note 10 üçin ýokary ygtyýarly 20 sany oboýlary ýüklap almak bolýar.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......