OnePlus Android 10-yň esasynda OxygenOS 10-uň durnukly wersiýasyny kabul edip başlady

  • 05.11.2019 03:52
  • 2.6k+

Iki hepde mundan öň OnePlus kompaniýasy OnePlus 6 we OnePlus 6T üçin OxygenOS 10-uň ilkinji açyk beta-wersiýasyny işe girizdi. Ýaňy-ýakynda bolsa programma üpjünçiliginiň durnukly wersiýasy çykdy.
Bu barada iki gurluşyň hem ulanyjylary XDA-Developers we Reddit forumlarynda habar berip başladylar. Emma täzeleme barada heniz resmi habar ýok. Eger-de size entek OTA barmadyk bolsa, onda proşiwkasyny Oxygen Updater programmasy arkaly ýüklemek bolýar. Täze programma üpjünçiligi 1,8 GB tutýar.
OxygenOS 10 Android 10 operasion sistemasy esasynda döredilen we oňa kompaniýanyň işläp düzüjileri köp sanly peýdaly täzelikleri goşupdyrlar. Mysal üçin, interfeýsiň belgilerini we basymlaryny, dolandyryşyň täze görnüşlerini (Pixel smartfonlaryndaky ýaly), täzelenen gara temany gurnamak mümkinçiligi, şeýle-de Game Space oýun ýaýrawy we Ambient Display-iň üýtgedilen funksiýasy. Mundan başga-da onda howpsuzlyk artdyrylan we ýerleşýän ýeriň gurluşy giňeldilen.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......