Hindi türgenleri welosport boýunça türkmenleriň goýan rekordyny täzelemek isleýärler

  • 05.11.2019 03:14
  • 4.8k+

Hindistanyň welosipedçileri ýurduň milli güni mynasybetli ýörişe taýýarlanýarlar, olar Türkmenistan tarapyndan tomus möwsüminde goýlan dünýä rekordyny öz Watanyna dolamak isleýärler.
ORIENT agentlginiň «The Indian Express» hindi neşirine salgylanyp, habar bermegine görä, dürli sport klublary we guramalary birleşdirýän “Bicycle Parade 2020” umumyhalk aksiýasyny 2020-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Koçin şäherinde (Kerala ştaty) geçirmeklik göz öňünde tutulýar we onuň dünýäde iň uzak aralyga bir zolakly welosiped ýörişiniň bolmaklygyna garaşylýar.
«Bu fiziki çagyryşdan psihologiki çagyryşa has golaý. Welosipedçilere bäş kilometr aralygy 20-25 minutda geçmek ýeterlik. Ýöne bir zolak bilen hem-de haýal tizlik bilen gitmelidigi üçin, hereket ýokary derejedäki ünslüligi we konsentrasiýany talap edýär. Ýaryşa gatnaşyjylaryň aralygy üç metrden artdyrylmaly däl» – çäräniň ýolbaşçysy Nitin Palal habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, dünýä rekordsmeni adyny almak ugrundaky göreşde hindi welosiped prosesiniň üç mümkinçiligi bar. Ýöne guramaçylar birinji synanyşykda üstünlik gazanmagy göz öňünde tutýarlar.
Ýatlap geçsek, “bir zolakly welosiped ýörişi” kategoriýasynda Ginnesiň häzirki rekordy 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda türkmen welosipedçileri tarapyndan gazanylypdy.
Türkmenistanyň başda durmagy bilen BMG-nyň Genassambleýi tarapyndan döredilen “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli 2019 sany türgen bir zolaga düzülip, merkezi Olimpiýa şäheriniň daşyndan 3300 metrlik aýlawy amala aşyrdylar. Şonda türkmenistanlylar martdaky 1327 sany adam gatnaşan hindi welosiped ýörişini san taýdan “ozup geçdi”.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......