«TOP-5 AWTO» milli baýragyň sekizinji möwsümine resmi badalga berildi

  • 04.11.2019 19:30
  • 2.9k+

Şu ýylda baýragyň uzyn sanawyna ýetmişden gowrak model girdi. Olaryň arasynda Audi, Bentley, Peugeot, Citroen, Lada, Hyundai, Kia, Suzuki, BMW, Mitsubishi, Nissan, Renault, Toyota, Volkswagen, Volvo täzelikleri we beýleki firmalaryňky bar.
2019-2020-nji ýylyň “TOP-5 AWTO” baýragynyň esasy nominasiýalarynyň sanawy üýtgewsiz galdy, häzir hem şeýle kategoriýalary özünde jemleýär: “Ykjam şäher awtomobili”; “Uly we ajaýyp şäher awtomobili”; “Ykjam krossower / ýoldan daşary we geçijiligi ýokarlandyrylan awtomobil”; “Uly krossower / ýoldan daşary”; “Sport awtomobili / kupe / rodster / kabriolet”. Geçen möwsümdäki ýaly aýratyn nominasiýalar: “Ýeňil söwda awtomobili / pikap”, “Ýylyň awto-persony”, “Iň gowy PR-awtoöndüriji departamenti”.
Baýragyň reglamentine görä, sanawyň doly ylalaşygyndan we tassyklamasyndan soň “TOP-5 AWTO”-nyň professional eminleriniň agzalary nominantlara ähli dalaşgärleriň sanawy bilen ýörite tablisalary alarlar. Bäsleşigiň saýlama tapgyry indiki ýylyň fewral aýyna çenli dowam eder. Şol wagtyň içinde awtomobiller bäş sany kriteriýa boýunça bahalandyrylar: baha gatnaşygy – hil, dizaýn, tehnika derejesi, rahatlyk we berklik. Her kategoriýa bäş dalaşgär iň gowy netijeler bilen 2019-2020-nji ýylyň “TOP-5 AWTO” baýragynyň nominanty bolarlar. “Ýylyň awto-persony” atly aýratyn kategoriýa nominantlar, öňküsi ýaly, Mediascope gözegçilik kompaniýasy tarapyndan Russiýanyň 300-den gowrak federatiw we sebit HBS-leri bilen geçirilýän mediamonitoringiň esasynda kesgitleniler. “Iň gowy PR-awtoöndüriji departamenti” kategoriýasyna nominantlar saýlawyň iki basgançakly ulgamy boýunça alynar. Mediascope gözegçilik kompaniýasy tarapyndan öň press-relizlere iberilen monitoringiň esasynda üç nominant saýlanylar. Şeýle-de, bu üçlüge reglamentde görkezilen kategoriýalara esaslanýan, emin agzalary tarapyndan kesgitlenilýän nominantlar hem goşular. Emele gelen “altylyk” gysga sanawy düzer.
Möhüm täzelik: 2019-njy ýylda “TOP-5 AWTO” baýragynyň çäklerinde Russiýada CAR OF THE YEAR (ÝYLYŇ AWTOMOBILI) tituly döredildi. Şu möwsümden başlap, her 5 sany esasy we bir sany aýratyn awtomobil nominasiýalarynyň ýeňijileriniň ýanyndan “TOP-5 AWTO” baýragynyň emin agzalary ähli nominantlaryň arasyndan iň gowy awtomobili saýlarlar we oňa CAR OF THE YEAR titulyny bererler. ÝYLYŇ AWTOMOBILI “TOP-5 AWTO” baýragynyň ähli esasy we bir ýörite nominasiýalarynyň gysga sanawyna giren ähli awtomobillerden saýlanylýar.
Saýlama tapgyrynyň jemi jemlenenden soň, 2020-nji ýylyň fewral aýynyň ikinji ýarymynda baýragyň guramaçylyk komiteti nominantlaryň sanawyny hödürlär. 2019-2020-nji ýylyň “TOP-5 AWTO”-nyň baýrak gowşurylyş dabarasy maýda geçiriler. Sesleri hasaplama we ses bermäniň netijeleriniň sertifikasiýasy KPMG halkara auditoriýa kompaniýasy tarapyndan geçiriler.

düýn 13:20
2.1k+

Afeela PlayStation oýunlaryny goldaýan dünýäde ilkinji awtoulag bolar

Sony kompaniýasy bazara PS Remote Play funksiýasyny (uzakdan oýnamak mümkinçiligi) goldaýan ilkinji awtoulagyň çykjakdygyny yglan etdi. Gürrüň birnäçe ýyl mundan ozal Sony we Honda tarapyndan döredilen Sony Honda Mobility bilelikdäki kärhanasynyň önümi bolan Afeela elektrokary barada gidýär...

24.12.2025 12:59
2k+

Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy

Lancia kompaniýasy brendiniň Dünýäniň ralli çempionatyna (WRC) gaýdyp gelmegi mynasybetli Eberhard & Co sagat öýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan çäkli nusgadaky goşar sagadyny tanyşdyrdy. Jemi 360 sany nusgada öndüriljek bu sagatlaryň her biriniň bahasy 1980 ýewro bolar...

24.12.2025 12:47
1.7k+

Rimac Nevera R-iň ýörite wersiýasynyň eýelerine kompaniýanyň baş edarasynyň açarlary gowşurylar

Rimac kompaniýasy ýokary öndürijilikli Nevera R giperkarynyň eksklýuziw nusgasyny — Founder's Edition wersiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle awtoulaglaryň bary-ýogy 10-sy öndüriler we olaryň hemmesi eýýäm brendiň muşdaklarynyň arasynda paýlanyldy...

24.12.2025 12:33
5.7k+

Awstraliýada Toyota GR Yaris-iň mahabaty howply hasaplanandygy sebäpli ýene-de gadagan edildi

Awstraliýanyň düzgünleşdiriji edaralary ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüş elementleriniň görkezilmegi sebäpli, Toyota GR Yaris modeliniň täze mahabat wideosyny ýaýlymdan aýyrmak barada karar çykardy. Häkimiýetleriň pikirine görä, wideoda görkezilýän tilsimler ýurduň islendik ştatynda hukuk bozulmasy hökmünde hasaplanardy...