Personal kompýuterler üçin iň öndürijilikli prosessorlar belli edildi

  • 02.11.2019 05:08
  • 2.1k+

Meşhur hytaý bençmarky Master Lu häzirki ýylyň üçünji çärýeginiň jemi boýunça personal kompýuterler üçin iň öndürijilikli prosessorlaryň reýtingini düzdi. Olaryň arasynda iň gowusy AMD Ryzen Threadripper 2990 WX boldy, ol öz döwründe dünýäde ilkinji 32-ýader çipli prosessor bolupdy. Onuň iň ýokary takt ýygylygy 4,2 GGs-e barabar. Prosessor 443 855,9 bal gazandy.
Ondan soň ep-esli yza galan, esasy bäsdeş gelýär – 4,4 GGs ýygylykdaky, 18-ýaderli Intel Core i9-9980 XE. Bu çip 396 714,8 bal gazanmagy başardy. Ikinji we üçünji orunlaryň arasyndaky tapawut – 100 000 bal diýen ýaly. “Bürünç” takt ýygylygy 4,4 GGs bolan, 16 ýaderli Ryzen Threadripper 2950X prosessoryna degişli boldy. Ondan soňky üç orny AMD modelleri eýeleýär: 16-ýaderli Ryzen Threadripper 1950X, 12-ýaderli Ryzen 9 3900X we 8-ýaderli Ryzen 7 3700X.
Reýtingiň ýedinji we sekizinji orunlary Intel modellerine degişli boldy: Core i9-9900X we Core i9-7900X. Dokuzynjy orunda – 8-ýaderli Ryzen 7 3800X. Liderleriň onlugyny prosessor Intel Core i9-9900 KF jemleýär.
Şu ýylyň üçünji çärýeginiň otuz sany iň gowy prosessorlaryň doly reýtinginde Intel we AMD birmeňzeş möçberde ýerleri eýelemegi başardylar – hersi on bäşden.

şu gün 08:39
18

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

düýn 10:51
852

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.3k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......