Ilkinji Xiaomi smart-sagatlary noýabrda çykar

  • 31.10.2019 21:08
  • 3.5k+

Ilkinji Xiaomi akylly sagady daşky görnüşi boýunça kwadrat displeýli Apple Watch sagadyna meňzär. Onuň tanyşdyrylyşy 5-nji noýabrda geçer.
Özüniň Mi Band fitnes-trekerleri bilen Xiaomi hytaý kompaniýasy dakylýan elektronikanyň bazarynda öňdebaryjy brendleriň biri bolmagy başardy. Akylly sagatlar bolsa Xiaomi-niň assortimentinde heniz ýok. Ýöne hemme zat eýýäm indiki aýda üýtgemeli.
Xiaomi özüniň ilkinji smart-sagatlaryny anons eder. Gurluş Xiaomi Mi Watch ady bilen 5-nji noýabrda Hytaýda ýörite geçirilýän çärede görkeziler. Akylly sagatlar Google-dan WearOs operasion sistemasynyň dolandyrmasy boýunça işlär we tizer suratyna görä, Apple Watch-a meňzeş gönüburçly displeý görnüşinde bolar. Xiaomi Mi Watch eSIM kartyna, 4G LTE ulgamyna, NFC-iň köpfunksiýaly birikmesine we intellektual ses kömekçisine eýe bolar.
Sentýabryň başynda hytaý kärhanasy birnäçe söwda markalaryny registrirledi, ýagny “Millennium MIX ALPHA”, “Mi MIX ALPHA” we “Mi Watch COLOR”.
5-nji noýabrda smart-sagatlarynyň tanyşdyrylysyndan başga-da, Xiaomi birnäçe täzel önümleri hem görkezmekçi bolýar. Aýratynam, biz telewizorlaryň täze seriýasy Xiaomi Mi TV 5 we 108 megapikselli aýratyn kameraly Mi CC9 Pro smartfony görkeziler diýip hasaplaýarys.

düýn 23:26
596

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......