Türkmenistan Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi

  • 31.10.2019 05:29
  • 1.4k+

Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde Bütindünýä suw geňeşiniň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisinde geçirilen geňeşiň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi. Bu barada Trend agentligi Türkmenistanyň daşary syýasat edarasyna salgylanyp habar berýär.
Bütindünýä suw geňeşi — hünärmenleri we halkara hökümet we hökümet däl guramalaryny birleşdirýän köptaraplaýyn halkara, söwda däl meýdançadyr. 1996-njy ýylda döredilen geňeş dünýäniň 50 ýurdundan 300-den gowrak guramany özünde jemleýär. Onuň merkezi edarasy Marselde (Fransiýada) ýerleşýär.
Belläp geçsek, Merkezi Aziýa sebitinde oba hojalygynda we senagatda, elektrik energiýasynyň önümçiliginde, ilaty agyz suwy bilen üpjün etmekde esasy suw çeşmesi hökmünde derýalar hyzmat edýär. Olaryň ählisi diýen ýaly bolsa – serhetara ýerleşendirler.
Türkmenistan Gazagystan, Özbegistan, Eýran we Owganystan bilen serhetleşýär hem-de dört sany serhetara derýalardan — Amyderýadan, Tejenden, Etrekden we Murgapdan ylalaşylan kwotalara laýyklykda gelýän suw serişdelerinden peýdalanýar.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......