Türkmenistanyň wekiliýeti gender deňligi boýunça Sebitleýin syn maslahatyna gatnaşýar

  • 30.10.2019 20:50
  • 1k+

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň başlygy G.Ataýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasy tarapyndan BMG-niň Aýallar boýunça Ýewropa we Merkezi Aziýa Sebitleýin bölümi bilen birlikde Ženewanyň Milletler Köşgünde guralan mejlise gatnaşýar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, 29-njy oktýabrda Ženewada «Pekin + 25» Sebitleýin syn maslahaty öz işine başlady, ol gender deňliginiň gazanylmagy boýunça Hereketleriň Pekin platformasynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylan ösüşleriň gözden geçirilmegi we meseleleriň ýüze çykarylmagy üçin forum bolup durýar.
1995-nji ýylyň Pekin jarnamasy we Platformasy has giň gerimli «ýol görkezijisi» bolup, tutuş dünýäde aýallaryň we gyzlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. 2020-nji ýylda Hereketleriň Pekin platformasynyň 12 sany möhüm ugur boýunça gender deňliginiň gazanylmagy boýunça strategiki maksatlary we hereketleri kesgitlemeginden bäri 25 ýyl bolýar.
Hereketleriň Pekin jarnamasynyň we Platformasynyň durmuşa geçirilmeginiň sebitleýin syny we barşyna baha bermek 2020-nji ýylda «Pekin + 25» ählumumy synyny taýýarlamagyň çälerinde geçirilýär.
1995-nji ýylyň Hereketleriň Pekin jarnamasynyň we Platformasynyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi boýunça toplumlaýyn syn boýunça Türkmenistanyň milli hasabaty (2014-2019-njy ýyllar döwür üçin) soňky bäş ýyldaky esasy gazanylanlary, aýallara we gyzlara gatnaşykda ösüşiň depginini tizleşdirmek işindäki esasy aýratynyklary, şol sanda zähmete bolan hukuklaryň we iş ornuna bolan hukuklaryň üpjün edilmegi boýunça tagallalary hem-de netijeleri özünde jemleýär.
Türkmenistanyň hasabatynda 2015-2020-nji ýyllar döwür üçin gender deňligi boýunça hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa ornaşdyrylmagyndaky netijeler we geljekki ädimler aýratyn orun eýeleýändir, ol bolsa üstünlikli we gowy netijeler bilen durmuşa geçirilýär.

şu gün 16:15
1.7k+

91 ýaşynda fransuz kinosynyň ýyldyzy Brižit Bardo aradan çykdy

Meşhur fransiýaly aktrisa, aýdymçy, fotomodel we ýazyjy Brižit Bardo 91 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň esaslandyran haýwanlary goramak gaznasyna salgylanyp, AFP agentligi habar berdi. Ýaşlykda Brižit Bardo balet bilen meşgullandy...

şu gün 10:44
3.5k+

ABŞ-da güýçli gar tupany sebäpli 16 müňden gowrak gatnaw ýatyryldy we gijikdirildi

ABŞ-a inen güýçli boragan howa gatnawlarynyň işinde uly bökdençligiň ýüze çykmagyna getirdi. Tutuş ýurt boýunça, şeýle-de Kanadanyň (Toronto, Monreal, Wankuwer) howa menzillerinde gatnawlar ýatyryldy we gijikdirildi...

27.12.2025 20:51
3.8k+

2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň sany soňky on ýylda iň ýokary derejä ýetdi

2025-nji ýylda magnit tupanlarynyň bolan günleriniň sany soňky on ýylda iň ýokary görkezijä, geomagnit-gozganma günleriniň umumy sany bolsa soňky ýigrimi ýylda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi...

25.12.2025 12:25
3.5k+

Kosmosda ozal görünmedik täze partlama görnüşi hasaba alyndy

LIGO we Virgo kosmos detektorlary taryhda ilkinji gezek AT2025ulz diýlip atlandyrylýan astronomik hadysany hasaba aldylar. Bu hadysa "supernowa" (sper-täze ýyldyz) we "kilonowa" partlamalarynyň aýratynlyklaryny özünde jemleýän düýpgöter täze partlama görnüşiniň — "superkilonowanyň" ilkinji nusgasy bolup biler...