Ýumurtga iýmek kimlere zyýanly we näme üçin

  • 28.10.2019 23:26
  • 25k+

Towuk ýumurtgasynyň düzüminde köp peýdaly maddalar saklanylýar, şeýle-de bolsa, käbir adamlara ony iýmek bolmaýar. Ýumurtga gaýmagy alynmadyk süýt, ýertudana we hoz bilen bir hatarda ýokary derejede allergiýa dörediji önüm hasaplanylýar, gaýnadylan we gowrulan ýumurtgadan bişmedik ýumurtga has allergiýa dörediji bolýar. Şonuň üçin allergiýasy kynlyk bilen geçýän adamlara olar düýbünden zyýanly. Bu barada aif.ru habar berýär.
“Adamlarda allergiýa köphalatlarda bolýar. Ýumurtgany holesterini ýokary bolan adamlara iýmek bolmaýar. Bir tarapdan, ýumurtgada lesitin bilen kompensirlenen holesterin saklanylýar. Sagdyn adama ýumurtga negatiw täsir etmeýär, çünki lesitin holesterine damarlaryň diwarlarynda ornaşmaga mümkinçilik bermeýär, emma ýarawsyz adama ýumurtga sarysyny örän seresap kabul etmek gerek” – dietolog Ýelena Solomatina aýdýar.
Diabetikler hem ýumurtgany seresap kabul etmeli. “Olaryň damarlaryna eýýäm süýji keseli arkaly zeper ýeten, şol sebäpli şeýle adamlarda aterosklerozyň güýçlenmek howpy ýokary. Ateroskleroz bolsa insultyň we infarktyň ýüze çykmagynyň sebäbidir” – Solomatina düşündirýär.
Ekspertiň aýtmagyna görä, ýumurtgany aşgazanynda mesele bolan adamlara-da iýmek bolmaýar. “Ýumurtgany pankreatit güýçli bolan ýagdaýynda hem kabul etmeli däl. Şeýle-de, ony bagyr ýa-da öt halta kesellän ýagdaýynda seresaplylyk bilen iýmeli, çünki ýumurtga sarysy öde täsir edip bilýär we ötde daşyň döremegini güýçlendirip bilýär – dietolog gürrüň berýär.
Ýumurtga reflýuksy, ýagny aşgazanyň turşy düzüminiň gyzylödege düşüp, sary gaýnama ýagdaýyny hem güýçlendirip bilýär. Reflýuksyň ähtimallygy adam nahardan soň gorizontal ýagdaýda bolanda ýokarlanýar. “Bu gastritiň ýüze çykmagy bilen we iýmit siňdiriş organlarynyň kesellemegi bilen bagly ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda ýumurtgany ýatmazyňdan öň iýmekden saklanmaly”.
Ýumurtgany bitewiligine çagalara bermek bolmaýar. Kiçi çagalara ýumurtga sarysynyň diňe dörtden bir bölegini bermek bolar, bir ýaşaýança ýumurtga agyny iýdirmek düýbünden gadagan.
Ýumurtganyň agy we sarysy bütinleý dürli maddalary saklaýarlar, şol sebäpli olary iýmek baradaky maslahatlar hem tapawutlanýar. Sagdyn adamlara dietolog bir gezekde ýumurtganyň bir sarysyny we üç agyny iýmekligi maslahat berýär. “Şeýle usuly peýdalanmak hem bolar: bir ýumurtgany iýip, ikinjiniň sarysyny aýryp, nähilidir bir tagam taýýarlamak”.
Eger-de siz ýumurtgany günde iýmeýän bolsaňyz, bu normadan daşlaşyp, günde birnäçe ýumurtgany iýip bilersiňiz (ýöne hepdäniň normasyndan geçmeli däl). JAMA žurnalynda neşir edilen, amerikan alymlarynyň geçiren tejribeleriniň netijelerine görä, hepdede iki-üç ýumurtga – sagdyn adam üçin iň gowy wariant.

09.06.2026 23:14
7.2k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.2k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....