Volkswagen kompaniýasy Golf kysmynyň sekizinji neslini hödürledi

  • 28.10.2019 23:16
  • 3.2k+

“Golfuň” daşky görnüşi bir wagtyň özünde birnäçe funksiýalary ýerine ýetirýär.
Birinji funksiýa: “Golfdugyny” görkezmek. Ilki göreniňde kän bir üýtgeşme ýok ýaly. Muňa garamazdan, täze awtomobiliň täze yzky stoýkasy, has ýapgyt görnüşli kapoty, faralarynyň we çyralarynyň täze formasy bar.
Kapotyň täze formasy Cd aerodinamik koeffisiýentini geçenki görnüşdäki 0,29-dan 0,275-e çenli peseltdi, bu bolsa ýangyjy sarp etmekde hem-de tizlikde uly rol oýnaýar. Bu ikinji möhüm funksiýa.
Golf dünýäde iň köp satylýan awtomobilleriň 7-ligine girýär. Dizaýndaky rewolýusiýa bazardaky paýynyň ýitmegine getirip bilýär. Şonuň üçin dizaýnda kän üýtgeşme ýok. Bu bolsa üçünji möhüm funksiýa degişli.
Salonyň esasy täzeligi göni göze ilýär, sürüjiniň göni öňünde iki ekran ýerleşýär. Fiziki enjamlar ýok. Ähli zatlar sag ekranda sensorly dolandyryş arkaly gurnalýar. Klimat-kontrol we nawigasiýa ýaly ikinji derejeli sistemalaryň dolandyrylyşy hem şoňa girýär.
Porsche 911-däki ýaly, awtomatiki gutynyň selektory hem kiçi joýstige meňzeş edildi.
Multimedia sistemasynyň internet bilen baglanyşmak mümkinçiligi bar. Bu eSIM tehnologiýasynyň kömegi bilen amala aşyrylýar.
Golfuň sekizinji nesli Car2X sistemasyna eýe boldy. Onuň kömegi bilen awtomobil 800 metr radiusda beýleki maşynlar bilen “aragatnaşyk edip bilýär”. Ýöne bu beýlekileriň hem şular ýaly sistema eýe bolan halatynda mümkin. Golf VIII Ýewropada Car2X sistemaly ilkinji awtomobil boldy.
Awtomobiliň has gymmat wersiýalarynda otlaýjy açar hökmünde we gapylary açmak üçin smartfony ulanmak bolýar. Şeýle-de, awtomobiliň eýesi zerur bolan maglumatlary beýleki adam bilen paýlaşyp bilýär. Awtomobil Golfuň ýedinji nesliniň esasyny düzen MQB platformasynda gurnalan.
Awtomobiliň dizaýny ýaly, bu ýerde hem uly bolmadyk ewolýusiýa bolup geçýär. Netijede, awtomobil özünden öňküden 26 mm uzyn, 1 mm giň we 36 mm pes boldy. Sekizinji “Golf” 35-den 70 kg-a çenli agramyny ýitirdi.
Germaniýada we Awstriýada awtomobili şu ýylyň ahyrynda satyp başlarlar. Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda 2020-nji ýylyň dowamynda başlanar.
Russiýa, Ukraina we GDA döwletlerine diňe bir ýyldan soň geler-Volkswagen habar berýär.

düýn 23:39
1.9k+

BMW "Üçlügiň" 50 ýyllygyny ýörite M340i bilen belleýär

BMW 3-nji seriýanyň 50 ýyllygy mynasybetli çäklendirilen nusgadaky M340i xDrive 50 Jahre Edition sedanyny hödürledi. Bu ýubileý nusgany geçen nesilleriň iň tanalýan reňklerini ýatladýan bäş sany özboluşly daşky reňkde hödürlenýär...

düýn 22:31
4.3k+

Toyota Land Cruiser-i pikaba we üç hatarly krossowere öwürmegi meýilleşdirýär

Geljek birnäçe ýylda Land Cruiser ady, öň bu meşhur ulag maşgalasy bilen baglanyşykly bolmadyk iki täze modelde peýda bolar. "Best Car Web" neşiriniň habaryna görä, Toyota öz hataryna pikaby we göteriji kuzowly (çarçuwasyz) üç hatarly krossoweri goşar...

düýn 22:03
1.6k+

Honda hereketlendirijisindäki näsazlyklar sebäpli 250 müňden gowrak Accord-y yzyna gaýtarýar

Honda, ABŞ-da 2025-nji ýyldaky modelleri hem öz içine almak bilen, jemi 256 müň 603 sany Accord gibrid sedanyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Yzyna çagyrmaklyga hereketlendirijiniň programma üpjünçiligindäki bökdençlikler sebäp boldy...

düýn 12:25
2.8k+

Täze 1139 at güýjüni berýän Cayenne “ähli döwrüň iň kuwwatly önümçilik Porsche-si” boldy

Porsche resmi taýdan Cayenne Electric awtoulagyny hödürledi. Kompaniýa ony markanyň iň kuwwatly önümçilik awtomobili diýip atlandyrýar. Awtoulagyň kuwwaty 1139 at güýjüne ýetýär, 60 milýa/sag (97 km/sag) çenli tizligi artdyrma 2,4 sekunt wagt alýar...