Bütindünýä banky türkmen gazyny Ýewropa ibermek meselelerini maslahatlaşmaga taýýar

  • 24.10.2019 16:57
  • 3.6k+

«Biz türkmen tarapy bilen Ýewropa gaz ibermek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýar» - diýip Bütindünýä bankynyň nebit we gaz boýunça baş bilermeni Aleksandr Huuderman Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi, diýip Ria Nowosti habar berýär.
Onuň bellemegine görä, tebigy gazyň ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanda çykarylýan ýangyjyň esasy bölegi Hytaýa iberilýär, ýakynda türkmen gazynyň Russiýa iberilmegi gaýtadan ýola goýuldy.
Bilermeniň çykyşynda nygtamagyna görä, türkmen gazynyň Ýewropa iberilmegi dogrusynda ençeme gezek bellenilse hem, hiç wagt durmuşa geçirilmändir. Şol bir wagtda hem Huudermanyň belleýşi ýaly, Hazar deňziniň hukuk derejesi boýunça Konwensiýa gol çekilmegi we 2020-nji ýylda «Günorta gaz geçelgesi» boýunça işleriň tamamlanmagy bilen türkmen gazynyň Ýewropa Bileleşigine iberilmegi anyk hakykata öwrülip barýar.

20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......