Türkmenistanyň Prezidentine Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen at dakyldy

  • 23.10.2019 05:06
  • 2.8k+

22-nji oktýabrda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady dakmak dabarasy boldy.
«Ballroom» zalynda Türkmen Liderini Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysy Kei Sato garşylady. Bu ýere şu uniwersitetiň we Ýaponiýanyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary, Ylym we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.
1949-njy ýylda esaslandyrylan Hirosaki uniwersiteti dünýäde abraýly okuw mekdepleriniň biri hasaplanylýar.
Bu ýerde 7 müňden gowrak talyp bilim alýar. Mugallymlar düzümi 2 müňden gowrak hünärmenden ybaratdyr. Uniwersitetiň esasy wezipesi geljekki nesliň isleglerini kanagatlandyrmak üçin çeýe bilim we ylmy-barlag işini alyp barmakdan, talyplara özleriniň şahsy ukyplaryny ösdürmäge hem-de hünär bilimini almaga mümkinçilik berýän gurşawy döretmekden ybaratdyr.
Ýokary okuw mekdebiniň düzüminde ynsanperwer we durmuş ylymlary, bilim, ylym we tehnologiýalar, oba hojalygy we tebigy ylymlar fakultetleri, lukmançylyk mekdebi hem-de saglyk baradaky ylym mekdebi bar.
Dabaranyň barşynda ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşiniň döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy hem-de ylmy we bilimi ösdürmek üçin alyp barýan işi üçin Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly doktory adyny dakmak hakyndaky çözgüdi yglan edilýär.
Uniwersitetiň ýolbaşçysy ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimize degişli diplomy gowşurdy.

düýn 12:54
1.9k+

Grand-Kanýonyň peýda bolmagyny gadymy kölüň daşmagy bilen baglanyşdyrdylar

Alymlar Grand-Kanýonyň emele gelmegi barada täze nazary pikiri hödürlediler: onuň takmynan 6,6 million ýyl mundan ozal gadymy kölüň daşmagy bilen emele gelen bolmagy mümkin. Bu barlagyň netijeleri Science......

düýn 12:14
5.6k+

Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe......

24.04.2026 15:00
4.5k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

24.04.2026 14:31
2.5k+

Günde X2.5 derejeli güýçli partlama bolup geçdi

Şu gün sagat 06:07-de (Aşgabat wagty bilen) Günde X2.5 derejeli partlama hasaba alyndy. Bu ýagdaý, soňky iki ýarym aýyň dowamyndaky iň güýçli hadysalaryň biridir. Şoňa meňzeş derejedäki partlama (X4.2) iň......