TOPH gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygynyň başlanmagynyň senesi ylalaşylar

  • 15.10.2019 05:09
  • 3.7k+

Oktýabryň ikinji on günlüginde Pakistanyň we Türkmenistanyň resmi wekiliýetleri özara gepleşikleri geçirer. Olaryň barşynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň pakistan böleginiň gurluşygynyň başlanmagynyň senelerini kesgitlemek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň elektron gazeti habar berýär.
Mundan öň şu ýylda taraplar eýýäm kabul edýän tarapyň hökümeti bilen Ylalaşyga (Host Government Agreement (HGA) gol çekdiler, indi bu Ylalaşygyň doly görnüşini ara alyp maslahatlaşmak gerek.
Bu resminama «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar kompaniýasyny turba geçirijisi taslamasynyň pakistan bölegini geljek 25 ýylda durmuşa geçirmäge we ulanmaga ygtyýarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Pakistanyň hökümeti TAPI Pipeline Company Limited kompaniýasyna kesgitli ýeňillikleri we ygtyýarlyklary berer. Şol sanda onuň Pakistanda şahamçasynyň açylmagy, maýa goýumlaryň goraglylygy we ş.m. Pakistanyň hökümeti şeýle hem ýeri hödürlemek we daşary ýurt walýutasyny geçirmäge rygsat bermek bilen hem taslamanyň durmuşa geçirilişini ýeňletmäge taýýar.
Kuwwatlylygy bir ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1,8 müň kilometre barabar bolar. Pakistan bölegi iň ulusydyr — 826 kilometr. Pakistanyň çäginde turba geçiriji Çaman, Multan, Kwetta we Dera-Ismail-Han şäherleriniň töwereginden geçer.
TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda badalga aldy. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda gaz geçirijiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi.
«Türkmengaz» döwlet konserni gaz geçirijini gurmak we ulanmak boýunça TAPI Pipeline Company Limited konsorsiumyň lideri bolup durýar. konsorsimuň düzümine şeýle hem Owganystanyň gaz korporasiýasy, pakistanyň "Inter State Gas Systems (Private) Limited" we hindileriň "GAIL" kompaniýasy gurýar.
Taslama Russiýanyň, ABŞ-nyň we beýleki birnäçe döwletleriň goldawyny tapdy. AÖB, ÝÖTB, YÖB, Saud ösüş gaznasy we beýlekiler TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gatnaşmaga isleg bildirdiler. 2016-njy ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet banky Yslam ösüş banky bilen TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda ähtnama gol çekdi.

20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......