«Bugattiniň» ýokary tizlikdäki täze rekordy

  • 04.10.2019 06:19
  • 10k+

Häzirki wagtda dünýä boýunça iň gymmat we kuwwatly ulaglary öndürýän “Bugatti” kompaniýasyň “Chiron” modeli tizlik boýunça ozal bar bolan rekordy täzelemegi başardy. Onuň görkezen netijesi 490 km/s tizlige deň boldy.
Dünýäniň iň ýokary tizlikli awtoulagyny Endi Uolles dolandyrdy. Belli fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefan Winkelmann ýokary tizlikli rekordy goýmagy özleriniň baş maksady edip goýandygyny, mundan beýläk şu görnüşi rekordy synag etmejeklerini aýdýar. Kompaniýanyň esasy maksady, sagatda 480 km tizlik bilen gidýän ulagy öndürmekdi. Olar täze rekord arkaly öz maksatlaryna ýetmegi başardylar. Tizlik rekordyny goýan modeliň 8 litrlik 16 silindrli motorynyň kuwwaty 1500 at güýjüne barabar. Bu görkeziji örän ýokarydyr. Sebäbi “Formula 1” ýaryşlaryna gatnaşýan awtoulaglaryň kuwwaty ortaça 900 at güýjüne deň bolýar.
“Bugattiniň” “Chiron” modelli ulagy 2017-nji ýylda Huan-Pablo Montoýanyň dolandyrmagynda başga bir rekordy hem goýupdy. Ulag iň gysga wagtda ýokary tizlige ýetip, soňra-da iň gysga wagtda durmak boýunça geçirilen synagda sagatda 400 km tizlige 32,6 sekuntda ýetip, 400 km/s tizlikde barýarka 9,36 sekuntda durmagy başarypdy. Şeýlelikde, bu model 0 km — 400 km — 0 km tizlik aralygyny bary-ýogy 42 sekuntda, 3112 metr aralykda ýerine ýetirdi. Emma bu rekordy bir aý çemesi wagtdan soňra “Koenigsegg” kompaniýasynyň “Agera RS” modeli täzeledi. “Agera RS”-iň görkezijisi 36,44 sekunt bolupdy. Mundan ozalky tizlik rekordy hem “Koenigsegg” kompaniýasynyň agzalýan modeline degişlidir. Bu ulag 2017-nji ýylda geçirilen synagda 447 km/s tizlige ýetmegi başarypdy. Şeýle hem 2010-njy ýylda “Bugatti Veyron Super Sport” modeli 430,9 km/s tizlik bilen hereket edip, şol wagtky rekordy goýupdy.

düýn 15:16
1.3k+

Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär...

düýn 11:16
2.4k+

BMW-niň ýolbaşçysy X5 krossoweriniň täze nesliniň tiz wagtdan tanyşdyryljakdygyny tassyklady

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi...

düýn 09:51
2.4k+

Asla ýykylmaýan OMO X motosikli sürüjisiz hem başyny çaraýar

Omoway kompaniýasy öz-özüni deňagramlylykda saklaýan ulgam bilen enjamlaşdyrylan OMO X elektrikli motosikliň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Bu baradaky resmi habar Singapurda geçirilen giňişleýin tanyşdyryş dabarasynda mälim edildi...

düýn 09:40
1.8k+

Volkswagen panorama üçekli we rahat dynç alşa niýetlenen täze krossowerini hödürleýär

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni täze elektrikli ID.Unyx 08 krossoweriniň içki dizaýnyny tanyşdyrdy. Bu modeliň 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, awtomobil ID...