Russiýa Federasiýasy Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda konwensiýany tassyklady

  • 04.10.2019 05:35
  • 4.9k+

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýany tassyklamak hakynda federal kanuna gol çekdi, diýip Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň resmi saýty hukuk maglumatlarynyň resmi internet portalyna salgylanyp habar berýär.
Bu resminama kenarýaka döwletleriniň Hazar deňzinden, şeýle-de onuň suwundan, düýbünden, ýerastyndan, tebigy serişdelerinden we deňziň howa giňişliginden peýdalanmaklarynyň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär hem-de düzgünleşdirýär.
Konwensiýa 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde gol çekilipdi. Oňa Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan gatnaşýar.
2019-njy ýylda Konwensiýany Gazagystan, Azerbaýjan we Türkmenistan tassyklady. Eýran parlamentiniň deputatlary heniz bu resminamany gol çekmedi. Konwensiýa hazarýaka döwletleriniň ählisiniň oňa gol çekmegi netijesinde güýje girer.
Hazaryň derejesiniň kesgitlenilmändigi uzak ýyllaryň dowamynda Hazarüsti gaz geçirijisini gurmakda esasy bökdençlik boldy. Bu gaz geçiriji Türkmenistandan tebigy gazy Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ibermek üçin niýetlenendir.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......