Dünýäniň iň beýik binasynda türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy

  • 29.09.2019 13:08
  • 15k+

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän we dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halife binasynyň ýüzünde türkmen baýdagynyň şekili janlandyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär. Bu waka türkmen halky üçin özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.
Mälim bolşy ýaly, BAE bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek boýunça degişli çözgütler kabul edilýär. Şeýlelikde, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilýändigini her ädimde görmek bolýar.
Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň şekiliniň bu binanyň ýüzünde janlandyrylmagy Birleşen Arap Emirliklerinde biziň ýurdumyza we Hormatly Prezidentimize bildirilýän belent sarpanyň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Bu waka BAE-de Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini ykrar edýän we ýurdumyzyň milli Garaşsyzlyk toýuny mübärekleýän waka hökmünde taryha girdi.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......