Aksoltan Ataýewa we Oleg Kononenko Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy

  • 26.09.2019 06:41
  • 8009
Aksoltan Ataýewa we Oleg Kononenko Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy

Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti ýokary şahsy hyzmatlaryny ykrar etmek bilen, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge, şeýle hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmäge goşan uly goşandyny we köp ýyllyk diplomatik gullugyny göz öňünde tutup hem-de minnetdarlygyň we hormat goýmagyň nyşany hökmünde, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewany ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak, oňa — Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakynda Permana gol çekdi.
Şeýle hem mejlisiň barşynda Türkmenistanyň şöhratly ogly, Russiýanyň kosmonawty Oleg Kononenko ýurdumyzyň ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy. Ol Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany diýen belent ada hem-de köpsanly ordenlere we sylaglara mynasyp boldy.
Uçarman kosmonawt Oleg Kononenkonyň älem giňişligine tarap ýoly türkmen topragyndan, ýagny Türkmenabat şäherinden başlandy. Ol bu ýerde önüp-ösdi hem-de zähmet we sport bilen meşgullandy. Biz ildeşimiz Oleg Kononenkonyň älem giňişligini özleşdirmek ýaly şeýle möhüm ugurda gazanýan örän guwandyryjy üstünliklerini uly gyzyklanma bilen synlaýarys diýip, Türkmen Lideri belledi. Türkmenistanlylar älem giňişligine dört gezek uçup, açyk äleme bäş gezek çykan meşhur ildeşiniň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýarlar.
Häzirki wagtda Oleg Kononenkonyň döwürdeş kosmonawtlarynyň arasynda Halkara kosmos stansiýasynda iň köp wagtlap bolandygyny bellemek ýakymlydyr. Şu kosmos stansiýasynda dört gezek uçuşynyň dowamynda ol ýeriň orbitasynda 737 günläp boldy.
Häzire çenli şeýle netije gazanan başga hiç kim ýok. Şoňa görä-de, älem giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen özleşdirmekde görkezen şahsy gahrymançylygy, ýokary hünär ussatlygy we gazanan üstünlikleri, şeýle hem ýurduň we jemgyýetiň öňünde bitiren görnükli hyzmatlary üçin Oleg Kononenkony hem iň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglamak — oňa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak barada karara gelendigimizi yglan etmek meniň üçin iň ýokary hyzmatdyr diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.


22.09.2022 10:51
20102

Oleg Kononenko: “Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmaga we Watanyma baryp görmäge şatdyryn”

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi, kosmonawt-synagçy, “Roskosmos” korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hem Prezident Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli...

21.06.2022 11:31
14468

Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi O.D.Kononenka doglan güni mynasybetli...

13.04.2022 05:28
6147

Serdar Berdimuhamedow Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, tälimçi-kosmonawt-synagçy Oleg Kononenka hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutany...

19.03.2022 16:47
14697

Kosmonawt Oleg Kononenko: «Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmaga örän şat bolardym»

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, kosmos işleri boýunça “Roskosmos” Döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny...