«KAMAZ 6520» ýük ulaglarynyň 200-si Türkmenistana getirildi

  • 25.09.2019 06:40
  • 5.8k+

Russiýa Federasiýasynyň Kamsk awtozawodynda (Tatarystan Respublikasy) öndürilen «KAMAZ 6520» ýük ulaglarynyň 200-si «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi.
«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berlişi ýaly, «KAMAZ 6520» ýük ulaglarynyň täze gelip gowşan nusgalary Ýewro-3 ülňülerine laýyk gelýän dizel ýangyjynda hereket edýär. Onuň 400 l.s. hereketlendirijisi has kuwwatly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, eýsem, has ekologiýa we tygşytlylyk taýdan has amatly edildi. Täze tehnikalar sürüjiniň işi üçin oňaýly şertleri döredýän galmagaly peseldýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyryldy.
Russiýanyň meşhur öndürijisiniň ulaglary ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda gurluşygy alnyp barylýan iri desgalarda ulanylar. Hususan-da, ýük awtoulaglary agentligiň garamagyndaky edara-kärhanalara paýlanyldy, şolaryň 40-sy Aşgabatda, 50-si Ahal welaýatynda, 20-si Balkan welaýatynda, 25-si Daşoguz welaýatynda, 35-si Lebap welaýatynda hem-de 30-sy Mary welaýatynda degişli düzümler tarapyndan ulanylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň iýun aýynda gol çeken resminamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary tarapyndan «KAMAZ FTC CORP. LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasyndan «KAMAZ» kysymly awtomobilleriň we ýörite tehnikalaryň uly tapgyry (2 müň birlik) hem-de ätiýaçlyk şaýlary tapgyrlaýyn esasda satyn alnar.

düýn 11:18
4k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.1k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.8k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 19:58
1.6k+

Maserati meşhur üç dişli nyşanynyň ýüz ýyllygyny "GT2 Stradale" ýörite wersiýasy bilen belledi

Maserati kompaniýasy soňlugy bilen brendiň logotipine öwrülen meşhur üç dişli nyşanynyň ilkinji gezek ulanylan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanan "GT2 Stradale" superkarynyň ýörite wersiýasyny tanyşdyrdy.......