Apple-yň täze iOS ulgamynda türkmen klawiaturasy peýda boldy

  • 24.09.2019 17:44
  • 5.7k+

«Apple» amerikan kompaniýasy iOS operasion ulgamynyň täze 13-nji wersiýasyny köpçülige ýetirdi. Bu wersiýada türkmen klawiaturasy peýda boldy. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
iOS — «Apple» kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülýän we öndürilýän smartfonlar, elektron planşetler, mobil enjamlar üçin niýetlenilen mobil operasion ulgamydyr.
iOS 13-de klawiatura üçin 38 sany täze dil peýda boldy, olaryň içinde türkmen, gazak, gyrgyz, mongol, täjik, kürt, uýgur we özbek dilleri hem bar. Dilleriň doly sanawyny Apple-yň saýtyndan görüp bilersiňiz. iOS-yň täze wersiýasy resmi taýdan tanyşdyrylandan soňra 19-njy sentýabrda elýeterli boldy. Operasion ulgam tutuşlygyna türkmen diline geçirilmedik, häzirlikçe diňe türkmen dilindäki klawiatura goşuldy.
Türkmen dilindäki klawiaturadan peýdalanmak üçin «Apple» enjamyňyzy operasion ulgamyny soňky wersiýa çenli täzelemeli. Munuň üçin, «Настройках» → «Основные» → «Обновление ПО» → «Загрузить и установить». Täzeläniňizden soňra Iphone enjamyňyza türkmen dilini ýüklemek üçin «Настройки» → «Клавиатура» → «Клавиатуры» yzygiderligini saklaň. «Новые клавиатуры» bölüminden «türkmen dilini» saýlaň.
Apple kompaniýasynyň şu enjamlary iOS 13 operasion ulgamy kabul edip bilýär: iPhone 6S, iPhone 6S Plus, iPhone SE, iPhone 7, iPhone 7 Plus, iPhone 8, iPhone 8 Plus, iPhone X, iPhone XR, iPhone XS, iPhone XS Max, iPhone 11, iPhone 11 Pro, iPhone 11 Pro Max, iPod touch 7.
Täze wersiýadan öň Apple ulanyjylary «App Store-den» türkmen klawiaturany ýükläp almaly bolýardylar. Türkmen klawiaturadan peýdalananyňyzda iPhone-da awtodüzediş işlemeýär we prediktiw giriziş ýok. Ýagny klawiatura siziň ýalňyşlyklaryňyzy düzetmez we sözleriň wariantlaryny çykarmaz.
Mundan başga-da, operasion ulgamyň täze wersiýasynda garaňkylyk režimi peýda boldy. Ol Apple-yň ähli standart programmalaryny gara-çal reňke geçirýär.

04.12.2025 13:39
6.1k+

Hytaýly alymlar howadan suw alýan “awtobus duralgasyny” döretdiler

Szýaotun Şanhaý uniwersitetiniň alymlary agyz suwuny gönüden-göni atmosfera howasyndan almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi. Bu barada China Daily habar berýär. Bu tehnologiýa kondensasiýa, çyglylygy siňdirmek we ýylylyk nasosy ýaly usullary ulanýar...

27.11.2025 10:26
1.5k+

Alymlar ilkinji gezek biologik materiallar bolmazdan emeli beýni dokumasyny döretdi

Riwersaýddaky Kaliforniýa uniwersitetiniň bioinženerleri beýni dokumasyna meňzeş doly emeli dokumanyň döredilendigini habar berdi. Alymlara ilkinji gezek şeýle materialy hakyky biologik maddalary ulanmazdan döretmek başartdy...

11.11.2025 15:19
3.9k+

Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar...

10.11.2025 13:10
5.6k+

Günorta koreýaly alymlar robotlar üçin çeýe we örän güýçli emeli myşsa döretdiler

Ulsandaky Milli Ylym we Tehnologiýa Institutynyň  (UNIST) alymlary robotlar üçin täze görnüşli emeli myşsa taýýarladylar. Bu material ynsan we haýwan myşsalaryndaky ýaly çeýeligi we berkligi özünde jemleýär. Hasaplamalara görä, eger adam şeýle myşsalara eýe bolsady, ol bir eli bilen pil saklap biljekdi...