Türkmen telekeçileri gawunlaryň Awstriýa eksportyny ýola goýdular

  • 24.09.2019 02:21
  • 4.4k+

Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherine Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň türkmen gawunlarynyň 18,5 tonnasy eksport edildi.
Gawunlaryň ady belli «Gyzyl Gülaby» tohumynyň eksportyny «Turope Consult GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýan «Ter Önüm» hojalyk jemgyýeti amala aşyrýar. Güneşli Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilen türkmen gawunlary ekologiýa taýdan arassa karton gaplara gaplanyp, «Volvo» ýük awtoulag-doňduryjysynda awstriýaly sarp edijilere ýetirildi.
Mälim bolşy ýaly, abraýly halkara ýaryşlarynda altyn medallara mynasyp bolýan türkmen gawunlary adaty bolmadyk datly tagamy we özüne çekiji ysy bilen tutuş dünýä bellidir. Türkmenistanda gawun bakja ekinleriniň şasy hasaplanylýar. Bu ýöne ýerden däldir, çünki bu önüm gaýtalanmajak datly tagamy, peýdaly hem ýokumly elementlere baýlygy bilen güneşli ýurdumyzyň topragynyň baýlygynyň nyşanydyr.

düýn 16:03
3.3k+

Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy...

düýn 15:36
1.8k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

düýn 15:22
8k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

düýn 13:01
1.2k+

Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi...