Türkmenbaşy şäherinde deňizçilik okuw merkezi dörediler

  • 21.09.2019 23:56
  • 3.9k+

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda Deňizçilik okuw merkezini dörediler. Döwrebap hem-de ugurdaş käriň hünärmenlerini taýýarlamak üçin ýörite tälim beriş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan merkezi döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada 20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýeriň habar berşi ýaly, senagat pudagyny bazar ykdysadyýetine geçirmegiň şertlerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň düzümine seljeriş işleri geçirildi. Hususan-da, bu agentligiň binýadynda birnäçe düzümleriň paýly gatnaşmagynda açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetlerini döretmek göz öňünde tutulýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, deňizde ylmy barlaglary geçirmegiň, deňiz ugurly hünäriň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we deňizçilik okuw merkeziniň döredilmegi boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň zerurdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......