Dünýä boýunça ak reňkli awtomobillere isleg artýar

  • 21.09.2019 05:54
  • 12k+

SEAT ýeňil awtoulaglar kompaniýasynyň habar bermegine görä, Ýer ýüzünde ulag satyn alýanlaryň iň köp isleg bildirýän reňki 39% ak reňkli awtoulaglardyr. Akdan soňky isleg bildirilýän reňkler bolsa gara we çaldyr. Geçirilen barlaglara görä, şahsy islegler we käbir ynançlar ulagyň reňkini saýlamakda adamlara uly täsir edýär. Hindistanda ulaglaryň aglabasy açyk reňklerde bolup, ol ýerde gara reňkli ulaga duş gelmek mümkin däl. Bu ýagdaý Hytaýda her 10 maşyndan 6-sy ak bolmagy bilen tapawutlandyrylýar. Ýewropa we ABŞ-da bolsa ak reňkli ulaglaryň görkezijisi 25%-e ýetýär.
Habar berlişi ýaly, gara reňkli awtoulaglar bolsa dünýäde akdan soň ikinji orny eýeleýär. Ýer ýüzündäki awtoulaglaryň 16%-i gara reňkdedir. Gara reňkli ulaglar aýratyn hem Gollandiýada has köp gabat gelýär. Meksikada bolsa gara reňkli awtoulaglar 6-njy orundan paý alýar.
Ýer ýüzünde has köp isleg bildirilýän ak we gara reňkli awtoulaglardan soň 3-nji orny 11% görkeziji bilen çal reňk eýeleýär. Çal reňkdäki awtoulaglara esasan Germaniýa, Ispaniýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Italiýa, Awstriýa we Şwesiýa ýaly döwletlerde has köp duş gelmek bolýar.

düýn 15:16
1.3k+

Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär...

düýn 11:16
2.4k+

BMW-niň ýolbaşçysy X5 krossoweriniň täze nesliniň tiz wagtdan tanyşdyryljakdygyny tassyklady

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi...

düýn 09:51
2.4k+

Asla ýykylmaýan OMO X motosikli sürüjisiz hem başyny çaraýar

Omoway kompaniýasy öz-özüni deňagramlylykda saklaýan ulgam bilen enjamlaşdyrylan OMO X elektrikli motosikliň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Bu baradaky resmi habar Singapurda geçirilen giňişleýin tanyşdyryş dabarasynda mälim edildi...

düýn 09:40
1.8k+

Volkswagen panorama üçekli we rahat dynç alşa niýetlenen täze krossowerini hödürleýär

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni täze elektrikli ID.Unyx 08 krossoweriniň içki dizaýnyny tanyşdyrdy. Bu modeliň 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, awtomobil ID...