OGT 2019 foruma gatnaşmak üçin türkmen telekeçilerine ýeňillikli şertler hödürlenilýär

  • 18.09.2019 12:29
  • 3.6k+

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» (OGT – 2019) 24-nji Halkara maslahatynyň guramaçylary bolan «Türkmennebit» döwlet konserni «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda 2019-njy ýylyň 22-23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmaga isleg bildirýän türkmen telekeçileri üçin 50 göterim ýeňillik kesgitlediler. Bu barada Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň elektron neşiri habar berýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» pudaklaýyn forum nebitgaz pudagynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen her ýylda geçirilýär. Garaşylyşyna görä, forumyň işine 500 wekil, şol sanda Türkmenistanyň döwlet düzümlerini we öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşar.
Iki günüň dowamynda maslahatda çykyş etjekler ýangyç-energetika toplumynda dünýäniň tendensiýalarynyň ösüşiniň meselelerini maslahatlaşarlar, häzirki wagtda Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda durmuşa geçirilýän esasy taslamalaryň ýagdaýy barada tejribe we maglumat alyşmak üçin prezentasiýalar we panelleýin gepleşikler gurnalar.
Şol sanda «Gazhimiýa toplumynda öňdebaryjy usullar», «Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky maýa goýum taslamalary», Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi, «Nebiti we gazy çuňlaşdyryp gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalary» we «Nebitgaz ulgamyndaky täze innowasion taslamalary» ýaly aktual temalar ara alnyp maslahatlaşylar.
Forumyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylar Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar. Şeýle hem maslahatyň barşynda Ahal welaýatynyň çäginde işe girizilen tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp görmek meýilleşdirilýär.
OGT 2019 forumy hakynda jikme-jik maglumatlar forumyň resmi saýtynda ýerleşýär.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......