Türkmen alabaýy — wepaly dostlugyň, gaýduwsyzlygyň simwoly

  • 17.09.2019 10:39
  • 4.8k+

Häzirki günde beýleki tohumlar bilen garyşman, özüniň iň gadymy görnüşini saklap galan dog görnüşli itleriň ýeke-täk tohumy — gaýduwsyz, wepaly, güýçli, çydamly, ygtybarly, akylly türkmen alabaýydyr. Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmen alabaýy” atly kitaby diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär.
Bu gaýduwsyz itler daşyndan haýbatly bolup görünse-de, itleriň şu tohumy bilen ýakyndan tanyş bolan her bir adam daşky keşbiniň aňyrsynda özüne mähirli garaýşa sarpa goýmagy başarýan mährem ýüregiň gizlenip ýatandygyna oňat düşünýär. Alabaý çagalara mähremdir, olara özi bilen oýnamaga mümkinçilik berýär we şoňa görä-de, maşgalanyň hakyky agzasyna öwrülýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sakçy it hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý özüniň eýesini we ony gurşap alýan zatlaryň ählisini: öýüni, dogan-garyndaşlaryny we esasan hem çagalary buýsanç bilen gorar.
Bu itiň häsiýetiniň tapawutly tarapy mertebelilik, özüňe ynam duýgusy bilen baglanyşyklydyr, tejribeli it idedijiler alabaýy terbiýelemekde güýç ulanmak arkaly temmi bermek çäresini asla ulanyp bolmaýandygyna oňat düşünýärler. Ilki bilen itiň hormatyna mynasyp bolmaly, diňe şondan soňra ol size gürrüňsiz tabyn bolar.
Gadym döwürlerden bäri bu tohumyň wekilleri çopan itleri hökmünde ulanylýar. Olar desgalary hem sak goraýarlar. Häzirki wagtda Orta Aziýa owçarkasy itleriň sakçy tohumynyň arasynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.
Türkmen alabaýy berk nerw ulgamyna eýedir hem-de örän rahat we gaýduwsyz gylyk-häsiýeti bilen tapawutlanýar. Bu itler örän akylly, gaýduwsyz, garaşsyz, öz güýjüne ynamly jandarlardyr. Olar özüniň çägini gaýduwsyzlyk bilen goraýarlar, howp abanan mahalynda örän çaltlyk bilen hereket etmäge we gaýtawul bermäge ukyplydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen alabaýy» atly täze eserinde gyzykly wakalaryň, rowaýatlaryň we arhiw maglumatlarynyň mysalynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan alabaý barada örän köp gyzykly maglumatlar toplanypdyr. Bu eser alabaý tohumyny we umuman, türkmen halkynyň milli mirasyny bütin dünýäde wagyz etmekde ägirt uly ähmiýete eýe bolar.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......