2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi

  • 17.09.2019 02:05
  • 3.2k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan möhüm resminama — 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Bu barada sanly ulgam arkaly ýakynda geçirilen wideokonferensiýada bellenildi.
Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.
Şunuň bilen birlikde, mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2019-njy ýylyň 11 — 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlikli geçirilendigi bellenildi.
HYF-nyň hem-de onuň çäklerinde geçirilen möhüm çäreleriň netijeleri Hazar ykdysady forumynyň Jemleýji Beýannamasynda öz beýanyny tapdy. Şol resminama 2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi hem-de BMG-niň resmi dillerinde çap edildi.
«2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilelikde döredijileri hökmünde dünýäniň 73 döwleti çykyş etdi.

düýn 18:12
2.6k+

Aşgabatda geçirilen forumda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

27-nji oktýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlary: okatmagyň usulyýeti we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek» atly halkara ylmy maslahat geçirildi...

düýn 17:53
1.8k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BSG-niň forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bütindünýä Söwda Guramasy bilen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) bilelikde guran «CAREC sebiti we köptaraplaýyn söwda ulgamy: Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda integrasiýany çuňlaşdyrmak» atly ýokary derejeli forumyna gatnaşdy...

düýn 17:13
3.6k+

8-nji noýabrda Türkmenistanda giň gerimli ekologik çäresi geçiriler

8-nji noýabrda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ählihalk bag ekmek çäresi geçiriler. Bu giň gerimli ekologik çäräniň dowamynda türkmen arçasynyň nahallarynyň hem oturdylmagy meýilleşdirilýär. Çäräniň guramaçylary...

düýn 17:05
3k+

Samsung ilkinji gezek üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonyny görkezdi

Samsung kompaniýasy ilkinji gezek üç eplenýän — Galaxy Z TriFold täze smartfonynyň nusgasyny görkezdі. Täze enjam Günorta Koreýada geçirilýän APEC 2025 sammitinde tanyşdyryldy diýip, SamMobile habar berýär. Žurnalistler we myhmanlar smartfony diňe aýnaň aňyrsyndan görüp bildiler: bir nusga eplenen, beýlekisi bolsa doly açyk ýagdaýda ýerleşdirildi...