2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek işi oktýabr aýynda tamamlanar

  • 14.09.2019 23:47
  • 5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek işini oktýabr aýynda tamamlamagy tabşyrdy. Bu barada döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde belledi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy durmuş ulgamyna, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidir. Indiki ýyl üçin Döwlet býujetinde ýurdumyzyň şäherlerinde we etraplarynda adamlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny karzlaşdyrmak üçin zerur serişdeler göz öňünde tutulmalydyr. Türkmen Lideri Döwlet býujetiniň ýaşaýyş-durmuş ulgamyna ýokary derejede gönükdirilen bolmalydygyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.
Bulardan başga-da, mejlisiň barşynda 2020-nji ýylyň gurluşyk maksatnamasyny taýýarlamak işini tamamlamagyň zerurdygy aýdyldy. Häzir hem, ozalkysy ýaly, esasy ünsi kärhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriňdir çagalar baglarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna gönükdirmek wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere 2020-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyny seretmek üçin hödürlemegi hem-de bu ugurdaky ähli çykdajylary geljek ýylyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......