«Türkmenhowaýollary» Boeing 777-200LR kysymly täze uçar satyn alar

  • 12.09.2019 23:01
  • 6.7k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 2-nji awgustynda gol çeken kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi «Boeing» (ABŞ) kompaniýasy bilen «Boeing 777-200 LR» kysymly täze uçar satyn almak hakynda şertnama baglaşdy. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýty habar berýär.
Bellenilişi ýaly, täze uçary 2021-nji ýylyň ýanwarynda satyn almak meýilleşdirilýär.
Täze «Boeing 777-200 LR» kysymly uçar türkmen awiakompaniýasy tarapyndan «Boeing-den» satyn alan 32-nji uçarydyr. Soňky ýyllarda ýurduň awiaparky «Boeingiň» we beýleki dünýä meşhur kompaniýalaryň meşhur uçarlary bilen dolduryldy. Netijede, 2013-nji ýylda Boeing 737-800 kysymly uçarlaryň üçüsi, 2014-nji ýylda bolsa, 2 sany Boeing 777-200 LR uçarlary, 2015-nji ýylda ýene-de 3 sany Boeing 737-800 kysymly täze uçarlary satyn alyndy. 2016-2018-nji ýyllarda hem Boeing uçarlary satyn alyndy.
Boeing 777-200 LR («LR» «Longer Range» diýmegi aňladýar— uzak aralyk) 2006-njy ýylda dünýäde «iň uzak aralyga uçýan» kommersiýa awialaýneri boldy. Boeing bu modelini Worldliner diýip atlandyryp, onuň islendik iki sany howa menzilini birleşdirip biljekdigini belledi, Bu uçar kommersiýa awialaýnerleriniň içinde iň uzak aralyga uçmaga mümkinçilik berýän gurluşa eýe — 15 müň 843 kilometr. 777-200LR nusgalary aşa uzakdaky uçuşlar üçin niýetlenendir. Onda GE90-110B1L kysymly kuwwatly reaktiw hereketlendirijiler oturdylyp, ol iki klasly konfigurasiýada 137 ýolagçyny kabul etmek mümkinçiligine eýedir.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......