Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde Baş konsullygy açylar

  • 31.08.2019 22:46
  • 4.1k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek hem-de ilata konsullyk işi boýunça netijeli hyzmat edilmegini üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde (Dubaý şäheri) Baş konsullygyny açmak bellenildi.
Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň Baş konsullygy açmak boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi.
Dubaýyň dünýäniň iri maliýe, işewürlik we ulag merkezleriniň biridigini nazara alyp, şeýle hem halkara kadalaryna laýyklykda konsullyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu şäherde Türkmenistanyň Baş konsullygyny açmak boýunça taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi.
Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasy, Aşgabatda bolsa BAE-niň ilçihanasy hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, Dubaý şäherinde ýurdumyzyň Baş konsullygynyň açylmagy iň oňat dostluk däpleri, deňhukukly, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan türkmen-emirat gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine ýardam eder. Türkmen Lideri bu barada aýtmak bilen, degişli resminama gol çekdi we bu babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......