Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni 10-njy oktýabrda bellenilip geçiler

  • 31.08.2019 00:57
  • 3.5k+

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni her ýylyň 10-nji oktýabrynda bellenilip geçiler.
Gol çekilen resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçilmegini gurnamak tabşyryldy.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan geçlip çykýan üýtgeşmeleri we goşmaçalary ýurdumyzyň kanunçylygyna girizmek boýunça teklipleri bir aý möhletde taýýarlap, olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna geçirmek tabşyryldy.
Perman 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

düýn 10:48
1.2k+

Russiýada B gepatitini çalt anyklaýan dünýäde ilkinji ýokary duýgur test döredildi

Russiýada ilkinji gezek duýgurlygy boýunça PZR bilen deňeşdirip bolýan B gepatitini anyklaýan çalt test resmi taýdan hasaba alyndy. Bu barada Rospotrebnadzor (RF) habar berdi. Bu synag Rospotrebnadzoryň Merkezi epidemiologiýa ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan LAMP (Loop mediated isothermal amplification) tehnologiýasy esasynda işlendi...

düýn 09:41
4.7k+

Rak keselini bejermegiň täze usuly ýarym sagatda rak öýjükleriniň 92%-ni ýok etdi

Rak häzirki wagtda dünýäde ölüme sebäp bolýan keselleriň arasynda ikinji ýerde durýar. Şonuň üçin alymlar has netijeli we howpsuz bejergi usullaryny gözlemegini dowam etdirýärler. Tehas uniwersitetiniň (Ostin) we Portu uniwersitetiniň alymlary täze tehnologiýany işläp düzdüler...

28.10.2025 10:35
2.9k+

Täze göz implanty görüş ukybyny ýitiren adamlara gaýtadan görmäge kömek etdi

Alymlar kiçi bir göz implantyny ulanyp, ýaş makulýar degenerasiýasy (ÝMD) sebäpli görüş ukybyny ýitiren adamlaryň görşüni dikeltdiler. Enjamyň ölçegi 2×2 mm we galyňlygy 30 mikrometr bolup, operatiw ýol bilen gözüň torly perdesiniň astyna ýerleşdirilýär we ýitirilýän ýagtylyk duýgur öýjükleriniň ornuny tutýar...

28.10.2025 10:25
4k+

Gök çaý semizlik we süýjüli diabet bilen göreşmäge kömek edýär — ylmy barlag

Gök çaý artykmaç agram we süýji keseli (diýabet) bilen göreşmekde peýdaly bolup biler. Braziliýanyň «Kruzeýru-du-Sul» uniwersitetinden professor Rozmari Ottonyň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary şeýle netijä geldi...