Türkmenistan we Eýran yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýar

  • 24.08.2019 23:14
  • 3.3k+

Tähran we Aşgabat göni deňiz gatnawyny ýola goýmak boýunça ylalaşyk gazandy, diýip Eýranyň ulag we şäher ösüş ministri Mohammad Eslaminiň sözlerine salgylanyp ISNA agentligi habar berýär.
Ministriň bellemegine görä, şu we beýleki meseleler boýunça ylalaşyga oktýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Sammitde resmi ýagdaýda gol çekiler.
Şu aýyň başynda Eslami Türkmenistana sapar bilen geldi we birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde hazarýaka döwletleriniň «bäşliginiň» ulag ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy.
Saparyň barşynda ugurdaş edaralar bilen ulag we söwda ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmek boýunça ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Taraplar şeýle hem wiza almaklygy ýeňilleşdirmek, suw hojalyk we deňiz gurşawyny goramak meselelerini maslahatlaşdylar.
Eslaminiň aýtmagyna görä, deňiz kommunikasiýalarynyň ösdürilmegi, Türkmenistanyň we Eýranyň portlarynyň arasynda gämi gatnawynyň ýola goýulmagy, «Demirgazyk-Günorta» ulag geçelgesiniň hereket etmegi we bu ugurlarda bökdençlikleriň aradan aýrylmagy duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......