29 — 31-nji awgustda Aşgabatda halkara gurluşyk sergisi geçiriler

  • 24.08.2019 13:53
  • 8.5k+

Şu ýylyň 29 — 31-nji awgustynda Aşgabatda «Türkmengurluşyk — 2019» atly halkara sergi hem-de «Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ösüşi» atly maslahat geçiriler. Bu iri möçberli çärelere taýýarlygyň barşy barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Bu çärelere 140-a golaý ýerli hem-de daşary ýurtlardan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Fransiýadan, Germaniýadan, Awstriýadan, HHR-den, Türkiýeden, Koreýa Respublikasyndan we beýleki döwletlerden kompaniýalaryň, edara-kärhanalaryň, telekeçileriň hem-de işewürleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
Giň gerimli sergide gurluşyk pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary, üstünlikleri we ägirt uly kuwwaty öz beýanyny tapar. Paýtagtymyzyň sergi merkezinde ykdysadyýetiň şu ulgamynda işleýän düzümleriň wekillerine öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer. Sergide ýurdumyzyň önümleriniň täze görnüşleriniň önümçiligine, şol harytlary halkara bazarda ilerletmäge aýratyn üns berler.
Maslahatyň gün tertibine gurluşyk we binagärlik ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy meseleleri, pudagyň geljegi hem-de ykdysadyýetiň şu pudagyna sanly ulgamlary ornaşdyrmak meseleleri giriziler.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......