Türkmenistanyň Prezidenti Singapura döwlet saparyny amala aşyrar

  • 18.08.2019 07:38
  • 7.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda Singapur Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredow ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem türkmen-singapur gatnaşyklaryny ösdürmegiň meselelerini öwrenmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazjak, dürli ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjek Singapur Respublikasyna boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Belläp geçsek, 2019-njy ýylyň 11-nji iýunynda Singapurda türkmen-singapur syýasy geňeşmeleri geçirildi.

düýn 18:54
3.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 18:11
4.3k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.5k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

düýn 15:17
3k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......