«Mongol-ralli 2019-a» gatnaşyjylar Aşgabada geldiler

  • 16.08.2019 13:29
  • 8.2k+

Mongol rallisi awtomobil marafony her tomusda geçirilýän özüne çekiji başdangeçirmelere baý bolan ýaryşdyr. Bu ýaryşlar marafona ýörite berkidilen tehniki gulluklaryň hem-de anyk kesgitlenen ugruň bolmazlygy bilen tapawutlanýar. Oňa gatnaşyjylarda bary-ýogy hereketlendirijisiniň göwrümi 1 litre barabar bolan kiçiräjik maşyn we ynamdar ýoldaşlary bolýar, diýip ORIENT agentligi habar berýär.
Bu ulag bilen olar Mongoliýa çenli Ýewropanyň we Aziýanyň köp sanly döwletleriniň içinden geçýärler. Ýaryşyň tamamlanýan nokady Russiýa Federasiýasyndaky Ulan-Ude şäheridir. Ýaryşyň maksady pellehana gelmekdir. Burýatiýanyň paýtagtyna dürli ugurlar boýunça baryp bolýar.
Şu ýyl rallä 700 adam gatnaşýar, şolardan 650-si erkekler we 50 zenan bar.
Britaniýaly Jami, Jeýms, Jek we Piter Türkmenistana Eýranyň üsti bilen geldiler. Londandan badalga alan topar Ýewropanyň we Kawkazyň ýurtlarynyň üsti bilen Eýrana ýetdiler, soňam bu gün Aşgabada geldiler. Şähere doly aýlanyp ýetişmeseler-de rallä gatnaşyjylar ýurdumyzda gören zatlaryna ýokary baha berdiler — ýollarda ulag dykynlarynyň bolmazlygy, binalaryň özboluşly bezeg aýratynlygy olaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Syýahatyň umumy dowamlylygy 70 gün, başgaça aýdylanda, iki aýdan çala geçýär. Ýoluň uzynlygy on müňlerçe kilometrden hem köp. Gatnaşyjylar Derwezädäki gaz kraterini, soňra bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna baryp görmegi meýilleşdirýärler.
Mongol rallisine gatnaşýan ýene-de bir topar zenanlardan ybarat bolup, olar Türkmenistana Azerbaýanyň üsti bilen geldiler. 46 günüň dowamynda batyrgaý zenanlar Ysraýyl döwletinden badalga alyp, 19 döwlete baryp gördüler. Raçel Awruh, Adina Korn, Alisiýa Şnaýder ralli tamamlanandan soňra Hytaýa syýahat etmegi maksat edinýärler.
Birnäçe günden rallä gatnaşyjylar Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Russiýa bararlar we şol ýerde hem pellehana ýeterler. Ýaryşyň tamamlanmagyna az wagt — birnäçe ýurt we bir aý möhlet galdy.

düýn 15:16
1.3k+

Porsche kompaniýasy 911 Targa sportkarynyň stilindäki 5450 dollarlyk alýumin çemedanlary çykardy

Porsche Design kompaniýasy Porsche 911 Targa sport awtoulagyndan ylham alan Roadster Aluminum Trolley çemedanlar toplumyny hödürledi. Dürli ölçegdäki üç çemedandan ybarat toplumyň bahasy goşmaça opsiýalary hasaba almazdan 5450 dollara düşýär...

düýn 11:16
2.4k+

BMW-niň ýolbaşçysy X5 krossoweriniň täze nesliniň tiz wagtdan tanyşdyryljakdygyny tassyklady

BMW kompaniýasy X5 krossoweriniň täze neslini taýýarlaýar. Modeliň tanyşdyrylyş dabarasyna eýýäm şu ýylyň tomsunda garaşylýar. Bu barada konserniň ýolbaşçysy Oliwer Sipse geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan her ýyllyk maslahatda habar berdi...

düýn 09:51
2.4k+

Asla ýykylmaýan OMO X motosikli sürüjisiz hem başyny çaraýar

Omoway kompaniýasy öz-özüni deňagramlylykda saklaýan ulgam bilen enjamlaşdyrylan OMO X elektrikli motosikliň köpçülikleýin önümçiligine başlandygyny yglan etdi. Bu baradaky resmi habar Singapurda geçirilen giňişleýin tanyşdyryş dabarasynda mälim edildi...

düýn 09:40
1.8k+

Volkswagen panorama üçekli we rahat dynç alşa niýetlenen täze krossowerini hödürleýär

Germaniýanyň Volkswagen awtokonserni täze elektrikli ID.Unyx 08 krossoweriniň içki dizaýnyny tanyşdyrdy. Bu modeliň 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde satuwa çykarylmagyna garaşylýar. CarNewsChina neşiriniň habar bermegine görä, awtomobil ID...