Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri nämelerden ybarat boldy?

  • 14.08.2019 21:54
  • 4.9k+

2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi:
Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy hil taýdan täze gatnaşyklaryň derejesine çykarmak üçin şertleri döredýän Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň orny bellenildi;
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň hem-de Ulag babatda hyzmatdaşlyk hakynda Hazarýaka döwletleriniň hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň kenarýaka döwletleriniň ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýardam berýändigi ykrar edildi;
Hazar ykdysady forumynyň esasynyň (platformasynyň) sebitde hem-de onuň çäklerinden daşarda ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň möhüm görnüşine öwrülip biljekdigi bellenildi;
Söwda we maýa goýum syýasaty babatda mümkinçiligi giňeltmegiň hem-de Hazar sebitinde söwdanyň we maýa goýumlarynyň bähbitlerine eksport ibermeleri üçin söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegiň hem-de mümkinçilikleri artdyrmagyň zerurdygy nygtaldy;
Hazar sebitiniň ýurtlarynyň we ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň, şol sanda hususy pudagyň, assosiasiýalaryň we ylmy toparlaryň öňdebaryjy tejribäniň meseleleri hem-de ykdysady gatnaşyklary ösdürmegi üpjün etmek üçin maksatlary amala aşyrmaga degişli çäreler boýunça işjeň gepleşikleri goldap biljekdigi ykrar edildi;
Hazar deňzinde halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň işjeň gatnaşmagynyň hem-de ýardam bermeginiň zerurdygy bellenildi;
Hazarýaka ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy ykrar edildi.
Ýokarda beýan edilenleriň esasynda şu hereketleri amala aşyrmak teklip edildi:
1. Hazar sebitiniň halkara ykdysady giňişligine mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagy maksady bilen, Hazarýaka ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan ädimleri ätmek;
2. Hazarýaka döwletleriniň ykdysadyýetleriniň energetika, senagat, ulag, söwda we beýleki pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmegi hem-de innowasiýalary höweslendirmek;
3. Durmuş-ykdysady ösüş, daşky gurşawy goramak, ylym we innowasiýalar, ykdysady maglumatlary alyşmak ýaly ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy üpjün etmek;
4. Hazar sebitiniň ýurtlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň, şol sanda BMG-niň sebit komissiýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we utgaşdyrmagy berkitmek;
5. Hazar ykdysady forumyny Hazarýaka döwletleriniň kenarýaka şäherlerinde yzygiderli esasda geçirmek.
Foruma gatnaşyjylar Birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejede geçirilendigi hem-de myhmansöýerlik üçin, Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdiler.

düýn 16:03
3.3k+

Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy...

düýn 15:36
1.8k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

düýn 15:22
8k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

düýn 13:01
1.2k+

Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi...