Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna ISO ölçegine laýyklyk güwänama gowşuryldy

  • 14.08.2019 20:33
  • 2.6k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilen birinji Hazar ykdysady forumy ýene-de bir möhüm waka beslendi — Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyna ISO 9001 ölçegine kybap gelýän degişli güwänama gowşuryldy. Bu resminama biržada Halkara standartlaşdyrmak guramasynyň (International Organization for Standardization) talaplaryna kybap gelýän hil menejmenti ulgamynyň üstünlikli hereket edýändigine şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda 160-dan gowrak döwlet ISO-nyň agzasydyr. Halkara ölçegleri işläp taýýarlaýan bu abraýly gurama BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşinde maslahat beriş derejesine eýedir hem-de Bütindünýä söwda guramasynda (BSG) goldawdan peýdalanýar.
25 ýyl mundan ozal döredilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy (TDHÇB) ýurdumyzda eksport-import amallaryny döwlet tarapyndan düzgünleşdirýän esasy edaranyň wezipesini ýerine ýetirýän möhüm ykdysady institutlaryň biriniň ornuny eýeleýär. Biržanyň işiniň ýokary ykdysady görkezijileri oňa halkara ykdysady ulgamyna ýakynlaşmaga hem-de dünýäniň giň işewür toparlarynda mynasyp derejede ygtybarly hyzmatdaşyň abraýyny eýelemäge mümkinçilik berdi.
TDHÇB döredilmeginiň ilkibaşky döwürlerinde biržanyň hukuk derejesini gutarnykly kesgitlän kadalaşdyryjy namalaryň birnäçesi kabul edildi, täze bazar şertlerinde ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi. Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işiniň kanunçylyk kadalary we düzgünleri yzygiderli kämilleşdirilip, döwrüň talaplaryna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ykdysady syýasatyna kybap getirilýär.
Türkmenistanyň biržasynyň esasy aýratynlygy onuň ilkibaşdan döwlete degişli bolmagynda galýandygyndan ybaratdyr. Şunda TDHÇB-niň işi örän giňdir, strategik wezipeler bolsa haryt dolanyşygyny köpeltmekden we tizleşdirmekden: bir tarapdan, ýurdumyzyň harytlarynyň eksportyny artdyrmakdan, beýleki tarapdan bolsa, içerki bazary halkyň sarp edýän zerur harytlary, önümçilik-tehniki ähmiýetli önümler we ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga niýetlenen enjamlar bilen doldurmakdan ybaratdyr.

düýn 19:15
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Týanszinde ŞHG+ sammitinde çykyş etdi

Şu gün Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän port şäheri Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guralan ýokary derejeli duşuşygyna Prezident Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, çuň manyly çykyş etdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär...

düýn 19:05
2.2k+

Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 3550 dollardan geçdi

Comex biržasynda altynyň bahasy bir troý unsiýa üçin 3550 dollardan geçdi, bu hem täze taryhy rekord boldy. Irdenki söwdanyň dowamynda altyn üçin dekabr fýuçersleriniň bahasy iň ýokary derejesinde bir unsiýa üçin 3552,4 dollara ýetdi...

düýn 16:44
2.4k+

Tramp binagärligiň nusgawy stilini ABŞ-nyň federal edaralary üçin esasy etdi

ABŞ-nyň Prezident administrasiýasy nusgawy binagärligi federal binalary gurmakda ileri tutulýan stil diýip yglan edýän permany çykardy. Resminama Making Federal Architecture Beautiful Again (Federal binagärligi ýene ajap edeliň) adyny aldy we Donald Trampyň saýlawdan öňki Make America Great Again (Amerikany ýene beýik edeliň) şygary bilen gabat gelýär...

düýn 16:33
5k+

Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Si Szinpin bilen duşuşdy

31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň ilkinji gününde “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler...