Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça halkara resminamalarynyň 57-si kabul edildi

  • 13.08.2019 09:34
  • 4.3k+

12-nji awgustda «Berkarar» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Hazarýaka ýurtlaryň işewür toparlarynyň duşuşygynyň maslahatynyň ahyrynda Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň çäklerinde geçirilen birža söwdalarynyň jemleri yglan edildi. Umumy bahasy ABŞ-nyň 335 million 476 müň dollaryna deň bolan geleşikleriň jemi 72-si bellige alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Türkiýeden, Beýik Britaniýadan, Lýuksemburgdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, ABŞ-dan, Singapurdan, Gonkgokdan we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, A-80 markaly awtobenzini, L-0,2-62 we L-0,5-62 kysymly dizel ýangyjyny, TC-1 markaly uçar kerosinini nebit koksyny, EKO-5 kysymly gidroarassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda işlenip çykarylan EKO-93 markaly awtobenzini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen “B” kysymly karbamid we tehniki ýod walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, pagta süýümi, portlandsement we aýna önümleri ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, BAE, Özbegistan.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 43 million manatlyk polipropilen satyn aldylar.
Işewürler duşuşygynda edilen jemleýji çykyşda Türkmenistanyň anyk hem-de strategik ugurlary boýunça Hazarýaka döwletleri bilen hem, beýleki sebitleriň ýurtlary bilen hem hyzmatdaşlyga taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezendigi bellenildi.
Soňra HYF-2019-yň çäklerinde geçirilen duşuşyklaryň we mejlisleriň barşynda gazanylan ylalaşyklary berkidýän resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Umuman, dürli derejelerde halkara resminamalaryň 57-si kabul edildi, olar maglumatlar tehnologiýalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady we maliýe ulgamy, diplomatiýa, ulag, elektroenergetika, ýeňil senagat, oba we suw hojalygy, sport we beýlekiler ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk meselelerine degişlidir.

düýn 16:03
3.3k+

Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy...

düýn 15:36
1.8k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

düýn 15:22
8k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

düýn 13:01
1.2k+

Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi...