Türkmenistanda 133 ýyldan bir gaýtalanýan ýyldyz süýnmesine tomaşa edip bolar

  • 12.08.2019 08:19
  • 16k+

12-nji awgustdan 13-nji awgusta geçilýän gije Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň ýaşaýjylary Perseida ýyldyzynyň iň süýnmesiniň ajaýyp keşbine tomaşa edip bilerler. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär.
Tutuş ýylyň dowamynda ýyldyz süýnmeleriniň birnäçe tapgyrlaryna gözegçilik etmek bolýar, ýöne awgust aýynyň ortasynda ol iň ýokary derejesine ýetýär.
Perseida ýyldyz süýnmesi öz adyny adybir ýyldyzlar toparyndan alypdyr we ol ýagty meteorlardan ybaratdyr. Olaryň şöhlelenmesi bary-ýogy birnäçe sekunt bolsa-da, bu görnüş göneri haýrana galdyrar.
Bu hadysa beýlekilerden tapawutlylykda — ýyldyzlar akymy asman gümmeziniň Perseida ýerleşýän nokadyndan bir nokadyndan akyp gaýdýar. Ajaýyp görnüşe tomaşa etmek üçin astronomiýa hakynda goşmaça bilim zerur däl, ýöne asmana tomaşa etmek ýeterlik bolar.
Meteor akymyny has aýdyň synlamak iň amatly wagt ýarygijeden daň atýança. Astronomlor gije sagat 1-den daňdan 5-e çenli aň kuwwatly ýyldyz akymynyň boljakdygyny çaklaýarlar. Sagatda 100 meteora çenli.
Bu mümkinçiligi elden bermäň, çünki bu pursat 133 ýyldan bir gaýtalanýar. Indiki şular ýaly hadysanyň 2152-nji ýylda bolmagyna garaşylýar.

06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

04.04.2026 13:27
15k+

Owganystanda tas 6 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň täsiri goňşy döwletlerde-de duýuldy

4-nji aprelde sagat 00:52-de (Aşgabat wagty bilen) Owganystanyň Hindiguş daglyk sebitinde ýertitreme boldy. Bu barada «TOLO News Plus» teleýaýlymy habar berýär....

03.04.2026 15:18
9.5k+

Italiýada tebigy betbagtçylyk: gar syrgynlarynyň yzy suw joşgunlaryna ulaşdy

​Italiýanyň birnäçe sebitinde ilki güýçli gar, soňra bolsa çendenaşa köp ýagyş ýagmagy zerarly sil geldi we infrastruktura uly zeper ýetdi. Corriere della Sera neşiriniň we Euronews-yň habaryna görä, awtomobil......

01.04.2026 15:57
11k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......