Hazar ykdysady forumyna dünýäniň öňdebaryjy maliýe guramalarynyň wekilleri gatnaşar

  • 07.08.2019 13:05
  • 4.2k+

Bütindünýä bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň we Halkara maliýe korporasiýasynyň we beýleki iri maliýe-karz guramalarynyň wekilleri 12-nji awgustda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga isleg bildirdiler. Bu barada Centralasia.news Türkmenistanyň Merkezi bankynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary we protokol bölüminiň baş hünärmeni Maksat Akyýewe salgylanyp habar berýär.
Merkezi bankyň wekiliniň aýtmagyna görä, Awaza geçiriljek foruma şeýle hem Doýçe bankyň (Germaniýa), Kommersbankyň (Germaniýa), De La Rue britan kompaniýasynyň, Kredi Agrikol (Fransiýa), Credit Suisse (Şweýsariýa) banklarynyň, Hytaý ösüş bankynyň, Ýewraziýa bankynyň (Gazagystan) we beýleki köpsanly halkara we milli banklardyr kompaniýalaryň wekilleri gatnaşar.
Sanalyp geçilen maliýe-kredit guramalarynyň ählisi diýen ýaly Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary. Bu guramalaryň wekilleriniň Hazar ykdysady forumyna gatnaşmagy bu çäräniň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Belläp geçsek, Birinji Hazar ykdysady forumy Türkmenistanyň başlangyjy bilen ilkinji gezek geçirilýär. Oňa gatnaşyjylar söwda, ulag, senagat, energetika, syýahatçylyk we ylym ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşar. Forumyň dowamynda özüne çekiji ykdysady taslamalaryň öňe sürülmegine garaşylýar. Hut şu taslamalary ýerine ýetirmek üçin hem maliýe guramalarynyň hyzmaty zerurdyr.
«Голос СНГ» onlaýn radiosynyň habar bermegine görä, Awazada geçiriljek foruma iki müňden gowrak adam, şol sanda 36 döwletden 700-den gowrak wekil, 40 sany halkara guramalarynyň wekilleri, 60 sany halkara habarlar agentlikleriniň wekilleri, şeýle hem dürli ýurtlardan 530-dan gowrak kompaniýalaryň wekilleri gatnaşar.

düýn 16:03
3.3k+

Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy...

düýn 15:36
1.8k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

düýn 15:22
8k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

düýn 13:01
1.2k+

Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi...