Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini belledi

  • 06.08.2019 07:19
  • 6k+

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasy Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen söhbetdeşlikde birinji Hazar ykdysady forumy hakynda sorady. S.Lawrow formyň ähmiýetine ýokary baha berdi. Bu barada giňişleýin birinji Hazar ykdysady forumynyň resmi saýtynda (https://cefavaza2019.gov.tm) getirilýär.
Sowal: Hazar gün tertibiniň ilerledilmeginde, Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygyň formatynyň pugtalandyrylmagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine Siz nähili baha berýärsiňiz?
Jogap: Hazar sebitiniň ykdysady ösüş meselesiniň netijeli hem-de özarabähbitli esasda çözülmegi 2018-nji ýylyň awgustynda Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýa gol çekilmeginden soňra aýratyn derwaýyslyga eýe bolýar. Resminamanyň diňe bir hazarýaka döwletleriniň ählisiniň gyzyklanmalaryna laýyk gelýändigi däl-de, eýsem onuň düzgünleri tarapyndan oňa gatnaşyjylaryň bu howdanyň ulanylmagy boýunça özara hukuklarynyň we borçnamalarynyň, dünýäniň bu sebitinde tutuşlygyna ynanyşmagyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy boýunça çäreleriň kesgitlenilýändigi görnetindir. Bu halkara şertnamanyň derwaýyslygy onuň söwda-maýa goýum we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin zerur bolan hukuk şertlerini döredýändiginden ybaratdyr.
Häzirki şertlerde hökümetleriň, ugurdaş ykdysady edaralaryň we Hazarda işlemegi maksat edinýän işewürlik-birlikleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin ýöriteleşdirilen meýdançanyň döredilmeginiň zerurlygy aýratyn wajyp häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen Hazar ykdysady forumynyň yzygiderli geçirilmegi hakyndaky pikir aýratyn derwaýys boldy. Bu teklip bir ýyl mundan ozal Konwensiýa bilen bir wagtda gol çekilen bäştaraplaýyn Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşykda we Prezidentleriň duşuşygynyň jemleri boýunça kabul edilen Bäşinji hazar sammitiniň Beýannamasynda hem öz beýanyny tapandyr.
Forumyň gün tertibiniň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy, maýa goýum şertleriniň gowulandyrylmagy, senagat, ulag, innowasiýalar we ylym ulgamynda alnyp barylýan iş ýüzündäki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyny özünde jemleýändigi aýratyn buýsandyryjydyr.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň söwda, maýa goýumlar we syýahatçylyk ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine ynanýaryn, bu bolsa Hazaryň dünýäniň iri ulag-üstaşyr geçelgeleriniň birine öwrülmegine özüniň oňyn itergisini berer. Russiýa bu çärä ýokary ähmiýet berýär.
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Ýolbaşçysy D.A.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň derejesi hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýändir.

düýn 16:03
3.3k+

Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy...

düýn 15:36
1.8k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

düýn 15:22
8k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

düýn 13:01
1.2k+

Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi...