Türkmen telekeçileri I Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär

  • 05.08.2019 09:24
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde şu ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşamaga işjeň taýýarlyk görülýär. Bu barada Turkmenportal TSTB-niň resmi saýtyna salgylanyp habar berýär.
Forumyň çäklerinde geçiriljek möhüm ähmiýetli çäreleriň hatarynda «Hazar innowasion tehnologiýalar» sergisi we «Türkmen sähra — 2019» awtomobil sergisi bar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi innowasion sergä we işewür toparlaryň duşuşygyna gatnaşmak üçin ýüzden gowrak agzalaryny ugradýar. Olaryň hatarynda ulag-logistika ulgamynda, agrosenagat toplumynda, senagatyň beýleki pudaklarynda, IT-tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýöriteleşen iri kärhanalary we kompaniýalar bar. mundan başga-da, TSTB-niň çakylygy bilen Hazar ykdysady forumynyň çärelerine dünýäniň dürli künjeginden elliden gowrak daşary ýurt kompaniýalary dürli ugurlar boýunça gatnaşar.
Hazar sebitiniň we gyzyklanma bildirýän beýleki döwletleriň işewür toparlarynyň duşuşyklarynyň maksatnamasy söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, senagat, energetika, syýahatçylyk we özara gyzyklanma döreýän beýleki ugurlarda maýa goýum işjeňligini artdyrmak meseleleri boýunça mowzuklaýyn sessiýalary geçirmekligi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem TSTB-niň agzalary bilen daşary ýurt döwletleriň işewür toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekilmegine garaşylýar.

düýn 16:03
3.3k+

Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy...

düýn 15:36
1.8k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

düýn 15:22
8k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

düýn 13:01
1.2k+

Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi...