Birinji Hazar ykdysady forumynyň maksatnamasy

  • 03.08.2019 23:17
  • 6.3k+

Şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, iri taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň halkara derejesindäki orny we hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iri maýa goýum taýdan özüne çekijiligi hakyndaky pikir alyşmalaryň geçirilmegi meýilleşdirilýändir. Forumyň maksatnamasy onuň resmi saýtynda ýerleşdirilendir.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň maksatnamasy
(Türkmenbaşy şäheri, 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgusty)
9–10-njy awgust
Birinji Hazar Ykdysady Forumyna gatnaşyjylaryň Türkmenistana gelmekleri
11-nji awgust, ýekşenbe
08:30-09:30 – Ýaşaýan ýerinde ertirlik nahary
09:00-11:00 – Halkara Hazar innowasion tehnologiýalar hem-de «Türkmen sähra – 2019» sergileriniň açylyş dabarasy
12:30-14:00 – Gatnaşyjylaryň ýaşaýan ýerlerinde günortanlyk nahary
14:30-16:30 – Hazarýaka döwletleriniň Ykdysadyýet ministrleriniň duşuşygy
14:30-16:30 – Hazarýaka döwletleriniň Ulag ministrleriniň duşuşygy
14:30-16:30 – Hazarýaka döwletleriniň işewürleriniň duşuşygy
16:35-16:50 – Biržanyň netijeleri boýunça maglumat çykyş
16:50-17:20 – Resminamalara gol çekmek dabarasy
17:20-17:45 – Işewürleriň duşuşygynyň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin Brifing
15:30-19:00 – Wekiliýetleriň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar
19:30-21:00 – Türkmen tarapynyň adyndan agşamlyk nahary
12-nji awgust, duşenbe
07:00-08:00 – Gatnaşyjylaryň ýaşaýan ýerlerinde ertirlik nahary
08:00-09:00 – Gatnaşyjylary hasaba almak
09:00-11:30 – «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi
11:30-12:00 – Kofe-breýk
12:00-14:00 – Halkara maslahatyň plenar mejlisi
14:00-15:30 – Gatnaşyjylaryň ýaşaýan ýerlerinde günortanlyk nahary
16:00-18:30 – Mowzuklaýyn maslahatlar:
1. «Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk» atly maslahat
2. «Hazar sebitinde ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi» atly maslahat
3. «Hazar deňziniň energetika mümkinçilikleri» atly maslahat
4. «Hazar sebitinde senagatyň ösdürilmegi» atly maslahat
5. «Hazar üçin «ýaşyl ykdysadyýet» atly maslahat
6. «Hazar deňzinde ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlyk» atly maslahat
19:30-21:30 – Gala konsert we türkmen tarapynyň adyndan agşamlyk nahary
12-13-nji awgust Wekiliýetleriň Türkmenistandan gitmekleri
Birinji hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçiriljek goşmaça çäreler
10-njy awgust, şenbe
18:00-19:30 – Hazarýaka döwletleriniň Ulag we logistika ulgamynda işleýän döwlet edaralarynyň we hususy kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda ýörite tegelek stol
11-nji awgust, ýekşenbe
12:00-13:00 – Türkmen-Bolgar işewürleriniň gatnaşmagynda tegelek stol
14:00-15:30 – «Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmaklygyň mümkinçilikleri: Sebitiň tejribesi» atly maslahat
14:30-16:30 – «2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş çygrynda gün tertibini durmuşa geçirmegi goldamak üçin maliýeleşdirmek» atly maslahat
17:00-18:00 – Telekeçiligiň meseleleri boýunça Türkmen-Astrahan Geňeşiň mejlisi
17:00-18:00 – Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Türkmen-Bolgar toparynyň mejlisi

düýn 23:26
1k+

Italiýa ymykly tomusky wagta geçmek isleýär

Italiýa ymykly tomusky wagta geçmek prosesini işe girizýär. Bu sagatlaryň indi ýylda iki gezek üýtgedilmejekdigini aňladýar. Parlamente bu başlangyjy goldamak haýyşy bilen 352 müň gol goýlan arza tabşyryldy. Deputatlar şeýle geçişiň energiýanyň sarp edilişine, daşky gurşawa, raýatlaryň saglygyna we howpsuzlygyna nähili täsir etjekdigine baha berer...

düýn 13:10
2.7k+

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi

20-21-nji noýabrda Aşgabatda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O...

20.11.2025 15:00
2k+

Raşid Meredow ÝHHG-niň Baş sekretary hem-de Sloweniýanyň daşary işler ministri bilen telefon söhbetdeşliklerini geçirdi

19-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirliogly hem-de Sloweniýanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary we Ýewropa işleri ministri Tanýa Faýo bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi...

20.11.2025 14:41
4.5k+

Türkmenistanyň Maşatdaky Baş konsuly Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi bilen duşuşdy

18-nji noýabrda Türkmenistanyň Maşat şährindäki (Eýran Yslam Respublikasy) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew Horasan Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhosseýn Mozaffari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler...