12-nji awgustda «Awazada» I Hazar ykdysady forumy geçiriler

  • 02.08.2019 23:12
  • 4.6k+

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy sebitdäki işewürlik gatnaşyklaryny bütinleý täze derejelere ýetirmäge gönükdirilen birinji Hazar ykdysady forumyny kabul eder. Oňa hökümet agzalary, ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, sebitleriň, banklaryň, kompaniýalaryň, senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň ýolbaşçylary we başgalar gatnaşar.
Hazar deňziniň gory onuň kenaryndaky döwletler üçin bir-birege peýdaly birnäçe ykdysady mümkinçilikleri açýar. Olaryň ara alyp maslahatlaşylmagy we durmuşa geçirilmegi ilkinji gezek biziň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda ykdysady forumyň geçirilmeginiň netijesinde amala aşyrylar.
Geçiriljek çäre V Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň duşuşygyndan soň ilkinji uly umumysebitleýin çäre bolýandygy sebäpli, ol aýratyn ähmiýete eýedir. Soňky duşuşykda söwda-ykdysady pudagyna degişli gol çekilen şertnamalary we Hazaryň hukuk derejesi hakyndaky konwensiýanyň kabul edilendigini ýatlasak bolar. Birinji Hazar ykdysady forumy bu gazanylan şertnamalaýyn hukuk esaslarynyň mümkinçiliklerinden sebitiň telekeçileriniň peýdalanmagyna mümkinçilik açar.
Konferensiýanyň çäklerinde bilelikdäki inwestision meýilnamalar we maksatnamalar ara alnyp maslahatlaşylar, erkin ykdysady zolaklarda söwda gatnaşyklaryny berkitmek meseleleri boýunça tejribe alşylar. Şeýle hem forumda garaljak meseleleriň arasynda sanly ykdysadyýet pudagyndaky aragatnaşyklary ösdürmek we bilelikdäki kärhanalary döretmek meseleleri wajyp ähmiýete eýe bolar.
Forumyň ahyrynda işewür toparlaryň we kompaniýalaryň duşuşyklarynyň çäklerinde birnäçe sebitdäki ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we sebitiň ählitaraplaýyn kuwwatyny iş ýüzüne geçirmäge ýardam berjek resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar.

düýn 16:03
3.3k+

Tähranda YHG-yň sebitinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

27-nji ýanwarda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň gidişine garaldy...

düýn 15:36
1.8k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

düýn 15:22
8k+

Saud Arabystany «Mukaab» ägirt uly binasynyň gurluşygyny wagtlaýyn togtatdy

​Saud Arabystany Er-Riýad şäherindäki «New Murabba» etrabynyň esasy bölegi bolan «Mukaab» (Mukaab) taslamasynyň gurluşygyny wagtlaýynça duruzdy. Çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, häkimiýetler taslamanyň maliýe taýdan netijeliligine we uzak möhletleýin maksatlaryna täzeden baha bermäge başladylar...

düýn 13:01
1.2k+

Türkmenistan bilen Marokkonyň diplomatlarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

28-nji ýanwarda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Marokko Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna DIM-iň Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlary bölüminiň başlygy, Marokko wekiliýetine bolsa Daşary işler, Aziýa we Okeaniýa işleri boýunça müdir Omar Kadiri ýolbaşçylyk etdi...