Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Awazadaky sergide öz stendini hödürlär

  • 25.07.2019 01:19
  • 11k+

Şu ýylyň 12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde şeýle-de Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi gurnalar. Sergi 11-12-nji awgustyň dowamynda işlär. Oňa ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan bilermenler gatnaşar. Innowasiýalaryň we öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanmagy we ulanylmagy serginiň esasy maksady bolar.
Dünýä ykdysady edebiýatynda berlen düşündirilişlere görä, innowasiýa ylmy-tehniki ösüşiň, täze önümlerde we tehnologiýalarda durmuşa ornaşdyrylmagyny aňladýar. Innowasiýalar uzakmöhletleýin gelejekde ykdysady ösüşi üpjün edýän esasy gural bolup hyzmat edýär. 
Hazar innowasion tehnologiýalar sergisinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem işine ornaşdyrylýan innowasion çözgütler boýunça stendini hödürlär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzyň gümrük edaralaryna talaplaryna görä täze tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak ýaly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......