Ýaş türkmen žurnalistleri sebit bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

  • 15.07.2019 06:37
  • 3.6k+

«Bosfor» ýaşlar merkezi Merkezi Aziýa döwletleri üçin «Media CAMP Award» atly ilkinji žurnalistik bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul edýändigini yglan edýär. Bu barada Orient agentligi habar berýär.
Sebitde media ulgamyň ösmegine gönükdirilen bäsleşigiň esasy maksady jemgyýetçilik ähmiýetli wakalary şöhlelendirýän zehinli žurnalistleri höweslendirmekden ybaratdyr. 
Döredijilik bäsleşigine žurnalistler, döredijilik toparlary, şeýle hem sebitiň hasaba alnan mediakompaniýalarynda işleýän habarçylar we ştatdan daşary habarçylar gatnaşyp biler. Olar habar beriş serişdelerinde 2018-nji ýylyň 1-nji awgustyndan 31-nji oýuny aralygynda döwlet ýa-da rus dilinde neşir edilen işlerini hödürlemeli.
Bäsleşik üçin materiallar «Häkimiýet we jemgyýet», «Serhetsiz nesil — Mümkinçilikleriň eýýamy», «Kömek etmäge wagt geldi», «Gahrymanlar golaýymyzda» we «Obýektiw» atly ýörite ugurlar boýunça onlaýn, çap edilen, radio ýa-da TW görnüşde kabul edilýär. «Obýektiw» ugry boýunça fotosuratlar kabul ediler we onuň ýeňijisi internet-ses bermek arkaly kesgitleniler.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzany awtoryň özi ýa-da ony bäsleşige hödürleýän gurama berip biler. Bäsleşigiň milli tapgyryna gatnaşmak üçin «Bosfor» guramasyndan alnan onlaýn-formany doldurmaly, şeýle hem ol ýa-da beýleki materialy bäsleşikde ulanmak üçin razylyk berýän awtordan razylyk haty we redaksiýadan rugsat hatyny goşmaly. Bäsleşige hödürlenilýän materialy elektron görnüşde ibermeli ýa-da internetden neşir edilen makalanyň salgysyny goşmaly.
Bäsleşik üçin arzalary tabşyrmagyň soňky möhleti – 2019-njy ýylyň 10-njy awgusty.
Milli tapgyryň ýeňijileri žurnalistika ulgamyndan tejribeli emin agzalary tarapyndan kesgitleniler. Her ugur boýunça final tapgyra gatnaşmak üçin 3 adam saýlanar. Final tapgyra çykanlaryň ählisi 2019-njy ýylyň sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa Mediafestiwalynyň çäklerinde geçiriljek ýeňijileri sylaglamak dabarasyna çagyrylar.
Sebit tapgyrynda materiallara ýörite halkara emin agzalary — gatnaşyjy ýurtlaryň hersinden iki sany media ulgamyň wekilleri baha berer.

düýn 16:26
3.2k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.2k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
4.8k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.6k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....