Awazada Türkmenistanda ilkinji gezek halkara awtomobil sergisi geçiriler

  • 30.06.2019 21:24
  • 15k+

2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portunda Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäginde «Türkmensährasy-2019» atly halkara awtomobil sergisi geçiriler.
Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän «Türkmen Sährasy-2019» halkara awtosergisi «Türkmenawtoulaglary» agentligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalýar. Dünýäniň awtomobil ulgamynyň iri kompaniýalary we görnükli hünärmenleri bu sergä gatnaşarlar.
Sergide awtomobil gurluşygy ulgamynda iň soňky gazanylanlar we innowasion tehnologiýalar hödürleniler. Hususan-da, bu görkezilişde awtomobilleriň iň täze nusgalary, ýeňil hem ýük awtoulaglar üçin ätiýaçlyk şaýlary, ýöriteleşdirilen tehnikalar görkeziler. Şeýle hem sergide ulaglary abatlamak hem-de olara hyzmat etmek üçin enjamlar, awtomobilleriň şaýlaryny öndürmek üçin serişdeler, degişli düzüm bölekleri görkeziler.
Awtosergi 5400 inedördül metr meýdany tutýar. Bu ýerde 120 sany awtomobil ýerleşip biler. Serginiň geçirilmeginiň esasy maksady Türkmenistanda awtomobil gurluşygy pudagyny emele getirmek we oňa innowasion çözgütleri ornaşdyrmak bolup durýar. Serginiň çäklerinde işewür duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Sergi barada goşmaça maglumaty http://www.turkmensahrasy-2019.com saýtyndan alyp bolar.

düýn 16:54
3k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....

29.05.2026 23:38
3.1k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

29.05.2026 23:29
3.7k+

Gucci brendi Formula-1-de «Alpine» toparynyň titul hyzmatdaşy bolar

Italiýanyň meşhur moda öýi Gucci 2027-nji ýyl möwsüminden başlap, «Formula-1» ýaryşynda çykyş edýän Fransiýanyň «Alpine» toparynyň baş hyzmatdaşy bolar. Şondan soň toparyň resmi ady «Gucci Racing Alpine......

29.05.2026 16:35
6.2k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......