Türkmenistanyň ýangyç-guýujy beketlerinde ECO-93 ekologiki benzini peýda bolar

  • 29.06.2019 07:44
  • 9.9k+

Türkmenistanlylar indi EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetiki benzininden peýdalanyp bilerler. Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, bu hili benziniň 1 litriniň bahasy 2 manata (60 sent) deň bolar. Bu barada ORIENT habar berýär.
Bu litri 1 manat 50 teňňä deň bolan A-95 benzininden az-kem gymmat. Emma EСО-93 kysymly benzin bilen nebitden alnan benziniň hil taýdan häsiýetnamalary deňeşdirilip, olara baha berlende, EСО-93 benzini ulanylanda onuň düzüminde kükürdiň 50 esse, benzolyň 3,5 esse, beýleki ysly uglewodlaryň hem 20 göterim azdygy anyklandy. Bu ýagdaý bolsa, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle-de, bu benzin ulanylanda, awtoulaglaryň hereketlendirijilerinde emele gelýän zyýanly ýanyk örtükleri azalyp, şolaryň tehniki taýdan hyzmat ediş dowamlylygy 2 essä çenli uzalýar.
Şeýle hem geçirilen barlaglara görä, awtoulagyndan bölünip çykýan uglerod oksidiniň möçberiniň bellenen kadalara görä, 0,5 derejede bolmagynda, hakykatda bu görkeziji 0,03 göterime deň boldy. Şeýlelikde, EСО-93 kysymly ýangyç ulanylanda uglewodorodlaryň bölünip çykmaýandygy tassyklanyldy.
«Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri geçirilen barlaglaryň bu görnüşdäki ýangyjyň ekologiýa taýdan örän bähbitlidigini, ol ulanylanda, bölünip çykýan zyýanly gazlaryň rugsat edilen derejeden hem pesdigini tassyklady. Munuň özi Ahal welaýatynyň çäginde gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň önüminiň ekologiýa taýdan has arassadygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Içerki bazarlary ýokary hilli benzin bilen üpjün etjek zawodda her ýyl ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetiki benzininiň 600 müň tonnasy, şeýle hem ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy we düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy çykarylar.

20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......