Türkmenistanda parolyňy girizmesiz töleg tehnologiýaly ilkinji kartlar peýda boldy

  • 26.06.2019 23:45
  • 9.1k+

«Rysgal» paýdarlar-täjirçilik banky «Mastercard» transmilli maliýe korporasiýasy bilen bilelikde Türkmenistanda kartyňy galtaşdyrmasyz töleg tehnologiýaly ilkinji plastik kartlarynny çykardy. Bu barada ORIENT habarlar agentligi habar berýär.
Ýörite tehnologiýa tölegi parolyňy girizmezden kartyňyzy diňe bir gezek terminala degirmek arkaly amal etmäge mümkinçilik berýär. Bu tehnologiýa ýerine ýetirilýän töleg amallarynyň amatlylygyny we howpsuzlygyny üpjün edýär. Kartyňy hatda gapjykdan çykarmak hem zerur däl. Bu şeýle hem siziň wagtyňyzy tygşytlamaga ýardam eder, çünki töleg amallary bada-bat ýerine ýetirilýär.
Täze plastik kartlar tapgyrlaýyn ýagdaýda çykarylar — her tapgyrda goşmaça täze hyzmat giriziler.
Ilkinji tapgyrda, «Mastercard Maestro» milli kartlary çykarylar. Bu kartlar diňe Türkmenistanyň çäginde hereket edip, dürli amallary milli walýutada ýerine ýetirer. «Rysgal» PTB bu hili kartlary müşderilerine eýýäm şu günden hödürleýär. Eýesiniň aýlyk zähmet karty geçirilýän kartlary awtoulaglara, aragatnaşyk hyzmatlaryna töleg etmekde, şeýle hem söwda nokatlarynda söwda etmekde peýdalanyp bolar.
Geljekde ýörite programmalaryň kömegi bilen kartyň eýeleri harytlary satyn alandyklary ýa-da ýurduň supermarketlerinde, söwda-dynç alyş merkezlerinde bu hyzmatdan peýdalanandyklary üçin belli bir bonus-toplanma ýygnap bilerler.
Indiki tapgyr — «Mastercard Standart», «Mastercard Gold», «Mastercard Platinum» walýuta kartlary çykarylar. Bu kartlar dünýä boýunça dürli töleg amallaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer. Bu kartlar Internet arkaly harytlary sargamaga we olara töleg etmäge, myhmanhanalarda otag bellemäge we syýahatlary gurnamaga, howa menzilleriniň biznes-zallaryna girmäge, harytlar üçin arzanladyş programmalaryndan peýdalanmaga we beýleki hyzmatlara elýeterlilik berýär.
«Mastercard» kartlarynyň ähli görnüşlerinde internet-banking hyzmaty bolar. Bu hyzmat arkaly kartyň eýesi islendik wagt balansyny barlap, kartdaky amallary görüp bilýär, hyzmatlary dolandyryp bilýär.
«Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň myhmanlary gipermarketiň käbir dükanlarynda «Mastercard» kartlarynyň işini barlamaga mümkinçilik aldylar.

28.05.2026 23:53
5.5k+

iPhone ogrularyň eline düşen badyna gulplanar

Apple kompaniýasy iPhone smartfonlaryny köçede ogurlamak ýa-da elden çekip almak synanyşygy bolanda, enjamy awtomat gurup goýjak täze funksiýanyň üstünde işleýär. Bu barada 9to5Mac neşiri habar berdi....

28.05.2026 18:53
1k+

Google Gemini üçin niýetlenen täze «Googlebook» noutbuk seriýasyny çykardy

Google kompaniýasy Gemini Intelligence we ChromeOS bilen işlemek üçin ýörite döredilen, premium derejeli «Googlebook» noutbuk seriýasyny tanyşdyrdy. Onuň ilkinji enjamlary 2026-njy ýylyň güýzünde satuwa çykar....

28.05.2026 12:27
2.4k+

Apple kompaniýasy iOS 26.5-i çykardy: onda näme täzelikler bar?

Apple kompaniýasy resmi taýdan iOS 26.5 täzelenmesini hödürledi. Bu täzelenme ulanyjylara täze funksional mümkinçilikleri hödürlemek bilen birlikde, howpsuzlyk ulgamyndaky 50-den gowrak kemçilikleri düzedýär....

27.05.2026 14:38
1.7k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......